Tebigatyň sagdynlygy — adamzadyň bagty

16 Mart 2023
516

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe daşky gurşawyň ösümlik we haýwanat dünýäsini goramak, sagdynlaşdyrmak bilen birlikde, ony baýlaşdyrmak babatda hem beýik işler durmuşa geçirilýär. Şunda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» innowasiýalara daýanýan, ekologiýa taýdan amatly «ýaşyl» tehnologiýalary özünde jemleýän ykdysadyýetiň pudaklaryny durnukly we toplumlaýyn ösdürmek meýilleşdirildi.

Arkadagly Serdarymyzyň  Türkmenistanda 2023-nji ýylyň 18-nji martynda ählihalk bag ekmek dabarasyny geçirmek baradaky taryhy Karary hem ekologiýa abadançylygyny üpjün etmegiň çäklerinde  ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, tokaý zolaklaryny döretmek we giňeltmek işleriniň döwlet syýasatynyň möhüm ugry hökmünde durmuşa geçirilýändigini dabaralandyrýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň paýhasly başlangyçlary esasynda dowamata beslenýän şeýle ynsanperwer işler biziň Bitaraplyk syýasatymyza hem çuň mazmun berýär. 

Şöhrat MÜLKIÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň harby gullukçysy, maýor.