Ýazyň görki kömelek

16 Mart 2023
601

Naşyja kömelekler tebigatyň hem baharyň bezegi. Käbir alymlar kömelekleriň dünýäsini «üçünji şalyk» diýip atlandyrýarlar. Sebäbi olar ösümliklere, jandarlara degişli hasaplanmasa-da, olara mahsus aýratynlyklara eýedir.

Kömelegiň beloklara, uglewodlara, ýaga, mikroelementlere we aminokislotalara baýdygyndan köpler habarlydyr. Ýöne olaryň iýilýän, iýilmeýän we zäherli görnüşleriniň bardygyny unutmaly däldiris. Kömelegi iki ýaşamadyk çagalara iýdirmek bolmaýar. Düzüminde B, D ýokumlary, demir, sink, kükürt, fosfor, kaliý, kalsiý ýaly mikroelementler bolandygy sebäpli, kömelek ýürek-damar, nerw ulgamynyň saz işlemegine, ganazlygyň öňüni almakda peýdaly hasaplanýar. Onuň düzümindäki beloklar, ýokumlar süňk dokumasynyň berkemegine, şeýle-de gan öýjükleriniň döremegine ýardam edýär.

Maral ANNADURDYÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň nerw keselleri we neýrohirurgiýa kafedrasynyň mugallymy.