Tebigat — biziň öýümiz

14 Mart 2023
493

Dürli ösümlik we haýwanat dünýäsine baý ülkämiziň gözel tebigaty özboluşly ekologiýa şertleri bilen tapawutlanýar. Döwletimiziň esasy baýlygy bolan adam saglygyny şertlendirýän arassa daşky gurşawymyzy we ekologiýamyzy goramak her birimiziň borjumyzdyr.

Ýurdumyzda ekologik ýagdaýyny has-da gowulandyrmak, ony geljekki nesillere ýetirmek üçin ýaş nesillerde ekologiýa medeniýetini kemala getirmek möhümdir. Tebigatymyzyň ösümlik, haýwanat dünýäsini gorap saklamakda ata-babalarymyz ägirt uly aladalary edipdirler.

Bahargül GURBANMYRADOWA,
Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebiniň mugallymy.