«7/24. tm», № 12 (147), 20.03.2023.
Ruhy we fiziki işjeňlikde bolar. Ynsanlar bag ekýän wagtlarynda tebigat bilen aragatnaşykda bolýar. Bu ýagdaý ruhy taýdan lezzet berýär we fiziki taýdan hereketde bolmagyňyzy şertlendirýär. Yzygiderli agaç ekip başlanyňyzdan soň, tebigaty goramaga siziň hem goşant goşýandygyňyz özüňize ýakymly duýgulary-da bagyş edýär. Bag ekýän wagtymyzda ykjam hereketlerimiz bilen fiziki güýjümiz birleşýär. Şol pursat maşka ýakyn hereketleriň emele gelýändigini görmek bolýar. Diýmek, bag ekilýän wagtda dogry hereketleri etmegimiz beden taýdan sagdyn bolmagymyza täsirini ýetirýär.