"Rysgal" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi
Salgysy: Aşgabat şäheri, A.Nyýazow şaýoly, 174
Telefon belgileri:21-23-57

Habarlar

Garagum – giň mümkinçilikleriň meýdany

Türkmenistan nebit we gaz serişdelerine baý bolmak bilen bir hatarda, alternatiw energiýa çeşmeleri bolan Gün we ýel energiýasyna hem baý döwlet hasap edilýär. Ata Watanymyzyň tebigy şertlerine mahsus bolan Gün energiýasynyň ýokary derejelerini ylmy barlaglar tassyklaýar, ýagny bu ýerde ýylyň 365 gününiň 300-den gowragynyň Güneşli günlerdigi ylmy esasda subut edilen hakykatdyr. Şol esasda Günüň ýagtylyk energiýasynyň ýeriň üstüne düşýän ortaça kuwwatynyň 800 – 1000 watt inedördül metre, gije-gündiziň ýagty wagtynyň 12 – 14 sagada barabar bolmagy bolsa, biziň döwletimizde Gün energiýasyny peýdalanmaga mümkinçilikleriň uludygyny görkezýär. Ýylyň köp wagtynda Türkmenistanyň demirgazygynda demirgazyk-gündogar, Köpetdagyň merkezi hem-de dagetek düzlükleriniň ugrunda gündogar, Günorta-Gündogar Garagumda bolsa demirgazyk ýelleri öwüsýär. Türkmenistanyň günorta-gündogaryndaky käbir etraplarda relýefiň täsiri astynda, demirgazyk ýelleri demirgazyk-günbatar ýellerine öwrülýär. Türkmenistanyň bütin çäginde gowşak we aram ýeller (tizligi 5 metr sekunda çenli) agdyklyk edýär. Tizligi 15 metr sekuntdan gowrak ýelli günleriň sany Merkezi Garagumda, ortaça, 5 – 10, Günorta-Gündogar Garagumda 3 – 8 gündür. Hazar deňziniň demirgazyk kenar ýakasy, Köpetdagyň günbatar etekleri we Amyderýa jülgesi ýelleriň iň köp bolýan ýerleridir. Güýçli tizlikli ýeller, köplenç, günbatar, demirgazyk-günbatar we d

Sabyn agajy

Karl Linneý özüniň eden syýahatlarynda Hindistana baryp, Sapindus saponaria agajynyň miwelerini peýdalanyp, onda sabyna meňzeş alamatlaryň bardygyna göz ýetirdi. Karl Linneýiň maglumatlaryna esaslanyp, häzirki zaman ylmynda bu agajyň ady «hindi sabyny» diýmegi aňladýar. Kä ýagdaýlarda bu agaç «Sübse şekilli kelreýter» diýip hem atlandyrylýar. Bu maşgala degişli agaçlaryň gabygynda saponin maddasy saklanýar. Sabyn agajy hemişe ýaşyl öwüsýän, ýapragyny düşürýän agaçlara degişlidir. Ýapraklary gapma-garşylykly ýerleşip, onuň uzynlygy 15—40 santimetre ýetýär.

Eziz Diýarymyzyň gözel tebigaty

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Ber­di­mu­ha­me­do­wyň baş­tu­tan­ly­gyn­da dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän eko­lo­gi­ýa sy­ýa­sa­ty­nyň öze­ni te­bi­gy gur­şa­wy go­ra­mak we te­bi­gy se­riş­de­ler­den re­je­li peý­da­lan­mak bo­lup dur­ýar. Eko­lo­gi­ýa howp­suz­ly­gy­nyň üp­jün edil­me­gi, ila­tyň ýa­şaý­şy üçin aras­sa daş­ky gur­şa­wyň dö­re­dil­me­gi eko­lo­gi­ýa sy­ýa­sa­ty­nyň baş mak­sa­dy­dyr. Eko­lo­gi­ýa sy­ýa­sa­ty gel­jek­ki ne­sil­le­riň-de aba­dan, bag­ty­ýar dur­muş­da ýa­şa­ma­gy üçin edil­ýän ala­da­ny özün­de jem­le­ýär. Se­bä­bi adam­za­dyň şu gün­ki esa­sy we­zi­pe­le­ri­niň bi­ri te­bi­gy ekoul­ga­my gel­jek­ki ne­sil­le­re ge­çir­mek­den yba­rat­dyr. Türk­me­nis­tan dün­ýä­niň ab­raý­ly hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ry­nyň bi­ri bo­lan BMG-niň bir­nä­çe kon­wen­si­ýa­la­ry­na go­şul­dy we daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak bo­ýun­ça öz üs­tü­ne alan borç­na­ma­la­ry­ny gy­şar­nyk­syz ýe­ri­ne ýe­tir­ýär. Eziz Di­ýa­ry­myz­da ama­la aşy­ryl­ýan giň ge­rim­li bag ek­mek da­ba­ra­la­ry ýur­du­my­zyň daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak ba­bat­da­ky işe go­şan­dy­dyr.

Şpinel

Şpinel daşy alýumin bilen magniý oksidiniň garyndysy bolan, seýrek duş gelýän gözel minerallaryň biri. Ol dürli reňkli öwüşgini bilen ýalkym saçyp, zergärçilik bezeginde iň söýgüli we islegli daşlaryň birine öwrüldi. Ýakymlyja ýylylyk berýän şpinel öz eýesine bagt we söýgi çekýär, dürli kesellerden, kynçylyklardan goraýar. Bu gymmat bahaly daşlara goýlan bezegler güýçli tumar hasaplanýar. Şpinel daşy gadymy döwürlerden bäri mälimdir. Onuň ady «spinelle» latyn sözünden gelip çykyp, «kiçijik tiken» diýmegi aňladýar. Bu daş, megerem, ionlary ýiti uçly şekildeligi sebäpli şeýle atlandyrylan bolmaly.

Ýyldyzlar näme diýýär? Iýun 2023

HAMAL (Guzy 21.03 — 20.04) Iýun aýynda hamallara başlan taslamasyny durmuşda amala aşyrmak üçin işde toplan tejribesi hem-de maddy taýdan ýardam berjek hemaýatkärler gerek bolar. Üstünliklere ýetmek üçin olar maksada okgunly hereket etmelidirler. Taslamany hünärmenler bilen maslahatlaşyp, onuň hatda iň ownuk-uşakdyr öýdýän ugruny-da ünsden düşürmeli däldir. Öňde goýlan meýilnamalaryňyzyň rowaçlyklara beslenmegi üçin bu aý sowukganly, paýhasly bolmagyňyz zerurdyr. Iýun aýy käbir hamallar üçin dynç alşa çykyp, gezelenje gitmek ýaly mümkinçilik dörär. Bu aý döredijilik bilen meşgullanýan, resminamalary, iş kagyzlaryny ýöredýän adamlar, şeýle-de bilim işgärleri üçin has üstünlikli bolar. Gymmatbaha söwda etmek üçin aýyň üçünji ongünlügi amatly hasaplanýar.

Tebigaty ýangyndan goralyň!

Tomus paslynyň gelmegi bilen, ýaşaýjylaryň gözel tebigatymyzyň dürli ýerlerine gidip dynç alanlarynda ot ýakyp, özleriniň seresapsyzlygy zerarly, ody doly söndürmän gaýdan ýa-da ýangyndan goraýyş çärelerine sowuk-sala garan halatynda ýangynlar ýüze çykyp bilýär. Daglyk, düzlük, sähra we öri meýdanlarynda ýangynlaryň ýüze çykmagynyň öňüni almak üçin düzgünler berk berjaý edilmelidir. Meýdanlarda ot ýakmak zerurlygy ýüze çyksa, ot daş-töweregi 15 metr aralykda arassalanan, 50 santimetr çuňlukda gazylan çukurda ýelsiz howada ýakylmalydyr.

Balkan dagy — täsinlikler dünýäsi

Tebigat gözelliklerine ser salanyňda, daglar aýratyn orun tutýar. «Gudrat görseň, daglara bar» diýip, ata-babalarymyz ýöne ýere aýtmandyrlar. Gaýalary kert-kert kemerli, belent başy arşa ýetýän beýik daglar täsin güýç arkaly bina bolan keramatdyr. Çünki başy dumanly daglaryň howalasynyň belentliginde, dünýäniň berki, Zeminiň örki ýaly bolup tirsek urup ýatan gözelliginde keramat bar. Dag tebigatynyň gözelligi özboluşly jadysy, mähiri bilen seni özüne bendi edýär. Dagyň sergin, jana tenekar howasynda seriň giňäp, keýpiň göterilip, ruhuň täzelenýär. Daga çykan adamyň göwni guş bolup uçýar, kalby arassalanýar. Daglar tebigatyň we Ýer ýüzüniň gelşigidir. Şeýle gözelligi tebigat türkmen topragyna hem bolluk bilen eçilipdir. Meşhur Baýram şahyryň: «Daglarna diýerler Balkan» diýip, waspyny ýetiren Balkan daglary-da güneşe baý ülkämiziň ajaýyp, täsin künjekleriniň arasynda mynasyp orun tutýar. Uzaklardan howalanyp görünýän Uly Balkan hem-de Kiçi Balkan daglarynyň gözelligine, howasynyň we çeşmeleriniň suwunyň arassalygyna, ösümlik we haýwanat dünýäsiniň baýlygyna taý tapaýmak aňsadam däl. Günbatar Türkmenistanyň belent daglarynyň biri bolan Uly Balkanyň iň beýik Düneşgala gerşi deňiz derejesinden 1881 metr belentlikde bolup, oňa başgaça Arlan dagy hem diýilýär.

Baýlyklar hem täsinlikler mekany

«Gudrat görseň, daglara bar». Bu atalar sözüniň çuň manysyna gadymy Köýtendaga seýil edeniňde, magat göz ýetirip bolýar. Uzynlygy 100 kilometre golaý bolan bu keremli mekan özüniň goýnunda nijeme syrlary, tebigy we taryhy ýadygärlikleri saklap otyr. Gojaman dagda ýurdumyzyň iň beýik nokady ― Aýrybaba gerşi, dinozawrlaryň aýak yzlary, täsinliklere baý gowaklar, behişdi ýada salýan dereler... ýerleşýär. Çeşmeleri durnagöz, baglary Erem kibi bu sapaly mekan dünýä jahankeşdeleriniň ünsüni özüne çekýär. Alymlar bolsa dagyň ösümlik we haýwanat dünýäsini ylmy taýdan öwrenýärler. Bu babatda Köýtendag döwlet tebigy goraghanasynyň ylmy işgärleriniň alyp barýan ylmy gözegleri aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Şeýle işler Garaşsyzlyk ýyllarynda has giň gerime eýe boldy. Bu babatda Gahryman Arkadagymyz we Arkadagly Serdarymyz taýsyz tagallalary edýärler. 2014-nji ýylda türkmen halkynyň Milli Lideri bu ýerde bolup, dinozawrlaryň yzlaryny synlady we oňa alymlaryň ünsüni çekdi. Häzirki wagtda bu möhüm işler bilen birlikde Köýtendag ekoulgamyny ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna goşmak ugrunda maksatlaýyn işler ýaýbaňlandyrylýar. Munuň özi bu sebitiň gaýtalanmajak gözelligini gorap saklamakda, has-da baýlaşdyrmakda, netijede bolsa, ony asyl durkunda geljekki nesillere ýetirmekde ähmiýetli bolar. Köýtendag hakynda gürrüň gozgalanda, onuň goýnundaky bahasyz tebigy baýlyklar hakynda durup g

Dermanlyk ösümlik

Örän tagamly we adam bedeni üçin peýdaly ösümlikleriň biri hem buýan bolup durýar. Bu ösümlik hem-de onuň köki özüniň dermanlyk häsiýetleri bilen dünýä lukmançylyk ylmynda giňden ulanylýar. Onuň saglygymyza berýän peýdasy hem köptaraplydyr. Bu ösümlik iň peýdaly azyk önümleriniň hataryna girýär. Buýan gadymy döwürlerden bäri köpleriň ünsüni özüne çekip gelýän täsin dermanlyk ösümlik hökmünde mälim bolupdyr. Buýan köküniň düzüminde adam bedeni üçin peýdaly maddalar bilen bir hatarda efir ýagy, E we C ýokumlary hem-de krahmal saklanýar. Onuň düzümindäki himiki maddalardan iň esasylarynyň biri bolan glisirriziniň mukdary 6 göterime golaýlaýar. Onuň süýjüligi şekeriňkiden 40 esse ýokarydyr. Buýan köki ylmy hem-de halk lukmançylygynda içdäki ýaralaryň, üsgülewügiň, böwrek kesellerinde, ýokarky dem alyş ýollarynyň, 12 barmak içegäniň sökelliklerinde, sürgi hökmünde ir döwürlerden bäri ulanylyp gelinýär. Ösümligiň dermanlyk köküni dürli garyndylaryňdyr çaýlaryň düzümine goşýarlar. Buýandan ýasalan dermanlyk serişdeleriň demgysmada, allergiýada, demrewde hem haýry kändir. Guradylan buýanyň külkesini mum ýagy bilen garyşdyryp, ot ýanygyna ýapmagyň, sykylyp alnan şiresini bolsa bedeniň daşky ýaralaryna ýapgy etmegiň haýry uludyr. Buýan öýkene, bokurdaga peýdaly melhemdir, şeýle-de sesiňi hem durlaýar. Ol teşneligiňi gandyryp, aşgazanyň howur almasyny peseltmekde peýdaly hasaplanylýar. On

Sonarly sähralar görke beslensin!

Tomus paslynyň yssy howaly günlerinde tebigaty goramak, ýangyn hadysasynyň öňüni almak esasy wezipeleriň biri hökmünde örboýuna galýar. Ýangyn tokaýlaryň ösümlik we haýwanat dünýäsi üçin uly howp bolup durýar. Ol adamlaryň nädogry hereketlerinden, ýyldyrym urmagy, taşlanan çüýşeleri Gün şöhlesiniň gyzdyrmagy netijesinde döreýär. Seljermeler köp halatlarda muňa adamlaryň geleňsizliginiň sebäp bolýandygyny görkezýär. Toplanan tejribe bolsa ýangyn howpsuzlygynyň düzgünleri birkemsiz berjaý edilende, onuň öňüni alyp bolýandygyny subut edýär. Şulary göz öňünde tutup, tebigatda ýangyn howpunyň döremeginiň öňüni almak maksady bilen şulary ýatladýarys:

Güller dünýäsi

Orkida dünýädäki iň uzyn gül bolmak bilen onuň boýy 20 metre ýetýär. * * *

Tudanaly günler

Balhy, hasak, gatlama... Oglan howlugar, tudana wagtynda bişer. Bu nakyl gönüden-göni çagalyk döwrümize degişli ýaly bolup dur... Martyň aýagyna gurçuk tutulýan jaýlar arassalanylyp, telärler taýýarlanylyp, sähel wagtdan goçak ak kagyzlaryň üstünde garaja gurçuklar peýda bolar. Ulular bilini guşap gurçuk tutmaga taýýarlanarlar. Bizem tudana taýýarlanarys. Haýsy köçede, haýsy ýap boýunda nähili tut bardygyny ýatdan bilýärdik. Balhy, hasak, gatlama, gaýçy, bidäne, peýwendi tutlarynyň tudanasy bişer welin, aşagy eli-ýüzi gara-gyzyl, gyrmyzy reňke çyrşalan çagadan dolar.

Owadan reňkli gaýalar

Hytaýyň Gansu welaýatynda ýerleşýän Çžanýe Danksia milli seýilgähindäki reňkli gaýalar diňe bir bu ýurduň däl, eýsem, tutuş dünýä döwletleriniň syýahatçylarynyň ünsüni özüne çekýär. Bu owadan reňkli gaýalar ýurtda duş gelýän, dünýäniň başga hiç bir künjünde gaýtalanmaýan petrografiki geomorfologiýanyň dag emele gelşiniň aýratyn görnüşidir. Reňkli gaýalarda älemgoşaryň düzümindäki ähli reňkler bar diýsek ýalňyşmarys. Ýöne bu ýerde ilkibada gyzyl we goňur reňkleriň sazlaşygy göze ilýär. Uzakdan suratkeşiň dürli reňkli galamlary arkaly çeken suratyna meňzeş görünýän bu gaýalar gadymy döwre degişli bolan reňkli çägelerden we dag jynslaryndan ybarat. Geçirilen ylmy-barlag işleriniň esasynda, takmynan, 100 million ýyl mundan ozal bu ýerde uly suw howdanynyň bolandygy, şol suwuň bu ýerde birnäçe gyrmançalary emele getirendigi, käbir tebigy sebäplere görä, howdanyň suwunyň bugarandygy anyklanyldy. Birnäçe ýyllaryň dowamynda dag emele geliş hereketleri bu ýeriň landşaftyny dürlüçe özgerdýär. Ýokardan aşak tarap akýan suw bu gaýalary ýonupdyr we özünden parçalanan gyzyl reňkli gaýalary galdyryp gidipdir.

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty Balkan welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, ýagyş ýagar. Demirgazyk-gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 8 — 13 metrden 13 — 17 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +9... +14 gradusdan +15... +20 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +30... +35 gradus, welaýatyň kenarýaka etraplarynda +24... +29 gradus maýyl bolar.

Ýazda ýaşlyk ýaýlasyna syýahat

«7/24. tm», №20 (155), 15.05.2023. Ýaz gör­ki ýaý­la­da. Ýaz ge­len­de te­bi­gat jan­la­nyp, pyn­tyk­lap, al-el­wan gül­ler ze­mi­ne zy­nat ber­ýär. Dur­muş­da her bir yn­san ýaz pas­lyn­da te­bi­ga­tyň bu eçi­len gö­zel­li­gin­den yl­ham alyp ýa­şa­ýar. Bu ba­ra­da şa­hyr Mäm­met Se­ýi­dow şeý­le diý­ýär:

Daglar ýeriň myhydyr

«7/24. tm», №20 (155), 15.05.2023. Beýik Per­wer­di­gä­riň na­za­ry dü­şen bu jen­ne­ti me­ka­nyň goý­nun­da­ky her bir bar­lyk ke­rem-ke­ra­ma­ta ýug­ru­lan. Bü­tin dur­ky gen­ji-ha­zy­na­la­ra bes­le­nen gö­zel te­bi­ga­ty­my­zyň giň gu­ja­gyn­da nä­çe diý­seň gö­zel­lik, gud­rat bar. Bu top­ra­gyň üs­tü­ne ýy­ly ço­gu­ny bol­luk bi­len ça­ýyp du­ran nur­ly Gü­nem, aňyr­sy­na-bär­si­ne göz ýet­me­ýän uç-gy­rak­syz pa­ra­hat gök as­ma­nam, tir­keş-tir­keş bo­lup gö­çüp-go­nup ýö­ren ak bu­lut­la­ram, gün­do­gar­dan gün­ba­ta­ra uzap ýa­tan be­lent-be­lent dag­lar­dyr me­le der­ýa­la­ram, yzy üzül­me­ýän ul­gam-ul­gam me­le çä­ge­li be­re­ket­li ym­gyr säh­ra hem aňyr­sy­na göz ýet­me­ýän üm­mül­mez dün­ýä my­sa­ly. Şeý­le tä­sin­lik­le­ri özün­de jem­le­ýän ja­dy­ly te­bi­ga­tyň bu bar­lyk­la­ry­nyň her bi­rin­de, gör, ni­çe syr, ni­çe hik­met bar. Ola­ryň bi­ri-de ba­şy he­ser­li, bi­li ke­mer­li go­ja dag­lar­dyr.

Ýagsana ýagyş, ýagsana!

Penjiräniň aňyrsyndaky howa kalbyň içindäki howa bilen deň gelende, adamyň ruhy göterilip, gujury görnetin artýar. Durmuşa bolan hyjuw-höwesi onuň özüniň şu dünýäniň bir ülüşidigi hakyndaky ýakymly pikirleri döredip, ýüreginde uly-uly arzuwlaryň hem maksatlaryň döremegine getirýär. Has takygy, biziň duýgularymyzy we aňymyzy rahatlandyrmak üçin adaty bolmadyk güýje eýe bolan howa özüniň tämizligi, tenekärligi, müşki-anbarlygy bilen içki dünýämiziň howasyny hem täzeleýär. Ylaýta-da, ýagyşly günleriň howasy ýürege ýakyn, çünki ýagyş örän köp adamda üýtgeşik bir duýgynyň dünýä bilen baglanyşykly ýagdaýlarynyň döremegine sebäp bolýar... Petrikor ýa-da ýagyş ýaganda ýatlamalarymyzyň oýanmagynyň sebäbi

Köpetdag kyssalary

Daşlar hakda aýdym Biz daşlar hakynda illeriň döreden aýdymlaryny diňläp gelsek-de, şu wagta çenli özümiz şeýle aýdymlary döredäýemzok. Ýa daşlar aýdyma mynasyp dälmikä?!

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty Balkan welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ortasynda az-kem ýagyş ýagar. Gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 8 — 13 metrden 12 — 17 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +12... +17 gradusdan +18... +23 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +31... +36 gradus, welaýatyň kenarýaka etraplarynda +24... +29 gradus maýyl bolar.

Tebigaty goramak derwaýys mesele

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ähli pudaklar sazlaşykly ösýär. Bu özgerişleri biz gündelik durmuşymyzda duýýarys, görýäris. Türkmen tebigatyny aýawly saklamak barada wajyp wezipeler hem döwrüň derwaýys meselesi bolup durýar. Öňde durýan wezipeleriň oňyn çözülmegi şu günki we geljek nesilleriň ekologiýa howpsuzlygynyň berjaý edilmegine alyp barýar. Türkmen tebigatynyň gözelligi, onuň gül-gülälekli sähralary, müňýyllyklaryň şaýady bolup oturan daglary, çeşme-çaýlary, dürli dermanlyk otlarydyr ösümlikleri, haýwanat dünýäsi göreni haýrana goýýar. Ol gözellikleri synlap, kalbyň heýjana gelýär. Bu mukaddes toprakda ajaýyp zamanada ýaşap, zähmet çekýändigiňe buýsanjyň artýar. Şol sebäpli hem, tebigatyň baýlyklaryny goramak, ony aýawly saklamak biziň her birimiziň borjumyzdyr. Eziz Watanymyzyň dagy, düzi, sähralary, Hydyr gören çöli, jana tenekar howasy asyrlarboýy adamlaryň syrdaşy bolup gelipdir. Bereketli türkmen topragynda ösýän ösümlikler, ine-gana ýaýnap ýören haýwanlar tebigatyň gaýtalanmajak keşbini düzýär. Ýurdumyzyň şypaly howasynda ösüp ýetişýän ösümlikler günüň çogly şöhlesiniň astynda ýetişýärler we dermanlyk häsiýetleri bilen bellidir. Eziz Diýarymyzda ekologiýa we daşky gurşawy goramak meselelerine uly üns berilýär. Döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolan tebigaty goramagyň milli maksatnamasy ykdysady, durmuş we ekolo