Tebigaty goramak derwaýys mesele

5 Maý 2023
622

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ähli pudaklar sazlaşykly ösýär. Bu özgerişleri biz gündelik durmuşymyzda duýýarys, görýäris. Türkmen tebigatyny aýawly saklamak barada wajyp wezipeler hem döwrüň derwaýys meselesi bolup durýar. Öňde durýan wezipeleriň oňyn çözülmegi şu günki we geljek nesilleriň ekologiýa howpsuzlygynyň berjaý edilmegine alyp barýar. Türkmen tebigatynyň gözelligi, onuň gül-gülälekli sähralary, müňýyllyklaryň şaýady bolup oturan daglary, çeşme-çaýlary, dürli dermanlyk otlarydyr ösümlikleri, haýwanat dünýäsi göreni haýrana goýýar. Ol gözellikleri synlap, kalbyň heýjana gelýär. Bu mukaddes toprakda ajaýyp zamanada ýaşap, zähmet çekýändigiňe buýsanjyň artýar. Şol sebäpli hem, tebigatyň baýlyklaryny goramak, ony aýawly saklamak biziň her birimiziň borjumyzdyr.

Eziz Watanymyzyň dagy, düzi, sähralary, Hydyr gören çöli, jana tenekar howasy asyrlarboýy adamlaryň syrdaşy bolup gelipdir. Bereketli türkmen topragynda ösýän ösümlikler, ine-gana ýaýnap ýören haýwanlar tebigatyň gaýtalanmajak keşbini düzýär. Ýurdumyzyň şypaly howasynda ösüp ýetişýän ösümlikler günüň çogly şöhlesiniň astynda ýetişýärler we dermanlyk häsiýetleri bilen bellidir. Eziz Diýarymyzda ekologiýa we daşky gurşawy goramak meselelerine uly üns berilýär. Döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolan tebigaty goramagyň milli maksatnamasy ykdysady, durmuş we ekologiýa ulgamlarynda öňde goýlan wezipeleriň toplumlaýyn çözülmegine esaslanýar. Şoňa görä-de, ýurdumyzda ekologiýa bilen bagly meseleleri çözmegiň adamzat jemgyýetiniň mundan beýläk-de durnukly ösüşi bilen baglydygy giňden wagyz edilýär, arassa daşky gurşawy döretmäge gönükdirilen toplumlaýyn we geljegi nazarlaýan ekologiýa syýasaty üstünlikli durmuşa geçirilýär.