Sabyn agajy

30 Maý 2023
756

Karl Linneý özüniň eden syýahatlarynda Hindistana baryp, Sapindus saponaria agajynyň miwelerini peýdalanyp, onda sabyna meňzeş alamatlaryň bardygyna göz ýetirdi. Karl Linneýiň maglumatlaryna esaslanyp, häzirki zaman ylmynda bu agajyň ady «hindi sabyny» diýmegi aňladýar. Kä ýagdaýlarda bu agaç «Sübse şekilli kelreýter» diýip hem atlandyrylýar. Bu maşgala degişli agaçlaryň gabygynda saponin maddasy saklanýar.

Sabyn agajy hemişe ýaşyl öwüsýän, ýapragyny düşürýän agaçlara degişlidir. Ýapraklary gapma-garşylykly ýerleşip, onuň uzynlygy 15—40 santimetre ýetýär.

Internet maglumatlary esasynda taýýarlan Oguljemal BATYROWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.