Şpinel

26 Maý 2023
743

Şpinel daşy alýumin bilen magniý oksidiniň garyndysy bolan, seýrek duş gelýän gözel minerallaryň biri. Ol dürli reňkli öwüşgini bilen ýalkym saçyp, zergärçilik bezeginde iň söýgüli we islegli daşlaryň birine öwrüldi. Ýakymlyja ýylylyk berýän şpinel öz eýesine bagt we söýgi çekýär, dürli kesellerden, kynçylyklardan goraýar. Bu gymmat bahaly daşlara goýlan bezegler güýçli tumar hasaplanýar.

Şpinel daşy gadymy döwürlerden bäri mälimdir. Onuň ady «spinelle» latyn sözünden gelip çykyp, «kiçijik tiken» diýmegi aňladýar. Bu daş, megerem, ionlary ýiti uçly şekildeligi sebäpli şeýle atlandyrylan bolmaly.

Taýýarlan Sähragül GAJYMOWA,
«Zenan kalby».