Balkan dagy — täsinlikler dünýäsi

23 Maý 2023
1040

Tebigat gözelliklerine ser salanyňda, daglar aýratyn orun tutýar. «Gudrat görseň, daglara bar» diýip, ata-babalarymyz ýöne ýere aýtmandyrlar. Gaýalary kert-kert kemerli, belent başy arşa ýetýän beýik daglar täsin güýç arkaly bina bolan keramatdyr. Çünki başy dumanly daglaryň howalasynyň belentliginde, dünýäniň berki, Zeminiň örki ýaly bolup tirsek urup ýatan gözelliginde keramat bar. Dag tebigatynyň gözelligi özboluşly jadysy, mähiri bilen seni özüne bendi edýär. Dagyň sergin, jana tenekar howasynda seriň giňäp, keýpiň göterilip, ruhuň täzelenýär. Daga çykan adamyň göwni guş bolup uçýar, kalby arassalanýar.

Daglar tebigatyň we Ýer ýüzüniň gelşigidir. Şeýle gözelligi tebigat türkmen topragyna hem bolluk bilen eçilipdir. Meşhur Baýram şahyryň: «Daglarna diýerler Balkan» diýip, waspyny ýetiren Balkan daglary-da güneşe baý ülkämiziň ajaýyp, täsin künjekleriniň arasynda mynasyp orun tutýar. Uzaklardan howalanyp görünýän Uly Balkan hem-de Kiçi Balkan daglarynyň gözelligine, howasynyň we çeşmeleriniň suwunyň arassalygyna, ösümlik we haýwanat dünýäsiniň baýlygyna taý tapaýmak aňsadam däl. Günbatar Türkmenistanyň belent daglarynyň biri bolan Uly Balkanyň iň beýik Düneşgala gerşi deňiz derejesinden 1881 metr belentlikde bolup, oňa başgaça Arlan dagy hem diýilýär.

Güljemal AŞYROWA,
Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäher Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň hünärmeni.