Baýlyklar hem täsinlikler mekany

17 Maý 2023
606

«Gudrat görseň, daglara bar». Bu atalar sözüniň çuň manysyna gadymy Köýtendaga seýil edeniňde, magat göz ýetirip bolýar. Uzynlygy 100 kilometre golaý bolan bu keremli mekan özüniň goýnunda nijeme syrlary, tebigy we taryhy ýadygärlikleri saklap otyr. Gojaman dagda ýurdumyzyň iň beýik nokady ― Aýrybaba gerşi, dinozawrlaryň aýak yzlary, täsinliklere baý gowaklar, behişdi ýada salýan dereler... ýerleşýär. Çeşmeleri durnagöz, baglary Erem kibi bu sapaly mekan dünýä jahankeşdeleriniň ünsüni özüne çekýär. Alymlar bolsa dagyň ösümlik we haýwanat dünýäsini ylmy taýdan öwrenýärler. Bu babatda Köýtendag döwlet tebigy goraghanasynyň ylmy işgärleriniň alyp barýan ylmy gözegleri aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Şeýle işler Garaşsyzlyk ýyllarynda has giň gerime eýe boldy. Bu babatda Gahryman Arkadagymyz we Arkadagly Serdarymyz taýsyz tagallalary edýärler. 2014-nji ýylda türkmen halkynyň Milli Lideri bu ýerde bolup, dinozawrlaryň yzlaryny synlady we oňa alymlaryň ünsüni çekdi. Häzirki wagtda bu möhüm işler bilen birlikde Köýtendag ekoulgamyny ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna goşmak ugrunda maksatlaýyn işler ýaýbaňlandyrylýar. Munuň özi bu sebitiň gaýtalanmajak gözelligini gorap saklamakda, has-da baýlaşdyrmakda, netijede bolsa, ony asyl durkunda geljekki nesillere ýetirmekde ähmiýetli bolar.

Köýtendag hakynda gürrüň gozgalanda, onuň goýnundaky bahasyz tebigy baýlyklar hakynda durup geçmek artykmaçlyk etmez. Köp ýyllaryň dowamynda alnyp barlan geologik gözleg işleriniň netijesinde onda gymmatly mineral magdanlaryň bol gorlarynyň üsti açyldy. Baýlykly ýataklary senagat taýdan özleşdirmekde, olaryň ýurdumyzyň ösüşleriniň hyzmatynda goýulmagynda ýurt Garaşsyzlygy ýyllarynda düýpli ilerlemeler gazanyldy. Gojaman dagyň eteginde kuwwatly senagat kärhanalary gurlup, ulanylmaga berildi. Olaryň arasynda Garlyk dag magdan toplumy, «Lebap» sement zawody we beýlekiler bar. Häzirkizaman kärhanalary üçin zerur çig mallaryň ählisiniň diýen ýaly bu ýerde bolmagy kuwwatly desgalarda işleri bökdençsiz we ýokary netijeli ýola goýmaga mümkinçilik berýär.

Hudaýberen PALEKEÝEW,
ýörite habarçymyz.