Ýagsana ýagyş, ýagsana!

9 Maý 2023
759

Penjiräniň aňyrsyndaky howa kalbyň içindäki howa bilen deň gelende, adamyň ruhy göterilip, gujury görnetin artýar. Durmuşa bolan hyjuw-höwesi onuň özüniň şu dünýäniň bir ülüşidigi hakyndaky ýakymly pikirleri döredip, ýüreginde uly-uly arzuwlaryň hem maksatlaryň döremegine getirýär. Has takygy, biziň duýgularymyzy we aňymyzy rahatlandyrmak üçin adaty bolmadyk güýje eýe bolan howa özüniň tämizligi, tenekärligi, müşki-anbarlygy bilen içki dünýämiziň howasyny hem täzeleýär. Ylaýta-da, ýagyşly günleriň howasy ýürege ýakyn, çünki ýagyş örän köp adamda üýtgeşik bir duýgynyň dünýä bilen baglanyşykly ýagdaýlarynyň döremegine sebäp bolýar...

Petrikor ýa-da ýagyş ýaganda ýatlamalarymyzyň oýanmagynyň sebäbi

Aýgül BAÝADOWA.