Dermanlyk ösümlik

17 Maý 2023
778

Örän tagamly we adam bedeni üçin peýdaly ösümlikleriň biri hem buýan bolup durýar. Bu ösümlik hem-de onuň köki özüniň dermanlyk häsiýetleri bilen dünýä lukmançylyk ylmynda giňden ulanylýar. Onuň saglygymyza berýän peýdasy hem köptaraplydyr. Bu ösümlik iň peýdaly azyk önümleriniň hataryna girýär. Buýan gadymy döwürlerden bäri köpleriň ünsüni özüne çekip gelýän täsin dermanlyk ösümlik hökmünde mälim bolupdyr. Buýan köküniň düzüminde adam bedeni üçin peýdaly maddalar bilen bir hatarda efir ýagy, E we C ýokumlary hem-de krahmal saklanýar. Onuň düzümindäki himiki maddalardan iň esasylarynyň biri bolan glisirriziniň mukdary 6 göterime golaýlaýar. Onuň süýjüligi şekeriňkiden 40 esse ýokarydyr. Buýan köki ylmy hem-de halk lukmançylygynda içdäki ýaralaryň, üsgülewügiň, böwrek kesellerinde, ýokarky dem alyş ýollarynyň, 12 barmak içegäniň sökelliklerinde, sürgi hökmünde ir döwürlerden bäri ulanylyp gelinýär. Ösümligiň dermanlyk köküni dürli garyndylaryňdyr çaýlaryň düzümine goşýarlar. Buýandan ýasalan dermanlyk serişdeleriň demgysmada, allergiýada, demrewde hem haýry kändir. Guradylan buýanyň külkesini mum ýagy bilen garyşdyryp, ot ýanygyna ýapmagyň, sykylyp alnan şiresini bolsa bedeniň daşky ýaralaryna ýapgy etmegiň haýry uludyr. Buýan öýkene, bokurdaga peýdaly melhemdir, şeýle-de sesiňi hem durlaýar. Ol teşneligiňi gandyryp, aşgazanyň howur almasyny peseltmekde peýdaly hasaplanylýar. Onuň düzümindäki himiki maddalar ganda şekeriň kadaly derejesiniň saklanmagyny üpjün edýär. E ýokumy deri we gözler üçin peýdalydyr. C ýokumy bolsa bedeniň kesele garşy göreşijilik ukybyny berkidýär, ganyň emele gelmegine, dem alşa oňyn täsir edýär.

Aşyrgül MAŞADOWA,
welaýat onkologiýa hassahanasynyň lukmany.