Tebigaty ýangyndan goralyň!

24 Maý 2023
642

Tomus paslynyň gelmegi bilen, ýaşaýjylaryň gözel tebigatymyzyň dürli ýerlerine gidip dynç alanlarynda ot ýakyp, özleriniň seresapsyzlygy zerarly, ody doly söndürmän gaýdan ýa-da ýangyndan goraýyş çärelerine sowuk-sala garan halatynda ýangynlar ýüze çykyp bilýär. Daglyk, düzlük, sähra we öri meýdanlarynda ýangynlaryň ýüze çykmagynyň öňüni almak üçin düzgünler berk berjaý edilmelidir.

Meýdanlarda ot ýakmak zerurlygy ýüze çyksa, ot daş-töweregi 15 metr aralykda arassalanan, 50 santimetr çuňlukda gazylan çukurda ýelsiz howada ýakylmalydyr.

Arazguly Goşaýew,
welaýat daşky gurşawy goramak müdirliginiň baş döwlet inspektory.