Tudanaly günler

17 Maý 2023
574

Balhy, hasak, gatlama...

Oglan howlugar, tudana wagtynda bişer. Bu nakyl gönüden-göni çagalyk döwrümize degişli ýaly bolup dur... Martyň aýagyna gurçuk tutulýan jaýlar arassalanylyp, telärler taýýarlanylyp, sähel wagtdan goçak ak kagyzlaryň üstünde garaja gurçuklar peýda bolar. Ulular bilini guşap gurçuk tutmaga taýýarlanarlar. Bizem tudana taýýarlanarys. Haýsy köçede, haýsy ýap boýunda nähili tut bardygyny ýatdan bilýärdik. Balhy, hasak, gatlama, gaýçy, bidäne, peýwendi tutlarynyň tudanasy bişer welin, aşagy eli-ýüzi gara-gyzyl, gyrmyzy reňke çyrşalan çagadan dolar.