Sonarly sähralar görke beslensin!

17 Maý 2023
683

Tomus paslynyň yssy howaly günlerinde tebigaty goramak, ýangyn hadysasynyň öňüni almak esasy wezipeleriň biri hökmünde örboýuna galýar. Ýangyn tokaýlaryň ösümlik we haýwanat dünýäsi üçin uly howp bolup durýar. Ol adamlaryň nädogry hereketlerinden, ýyldyrym urmagy, taşlanan çüýşeleri Gün şöhlesiniň gyzdyrmagy netijesinde döreýär.

Seljermeler köp halatlarda muňa adamlaryň geleňsizliginiň sebäp bolýandygyny görkezýär. Toplanan tejribe bolsa ýangyn howpsuzlygynyň düzgünleri birkemsiz berjaý edilende, onuň öňüni alyp bolýandygyny subut edýär. Şulary göz öňünde tutup, tebigatda ýangyn howpunyň döremeginiň öňüni almak maksady bilen şulary ýatladýarys:

Kuwandyk SAIDOW,
Köýtendag döwlet tebigy goraghanasynyň uly ylmy işgäri.