Garagum – giň mümkinçilikleriň meýdany

30 Maý 2023
659

Türkmenistan nebit we gaz serişdelerine baý bolmak bilen bir hatarda, alternatiw energiýa çeşmeleri bolan Gün we ýel energiýasyna hem baý döwlet hasap edilýär. Ata Watanymyzyň tebigy şertlerine mahsus bolan Gün energiýasynyň ýokary derejelerini ylmy barlaglar tassyklaýar, ýagny bu ýerde ýylyň 365 gününiň 300-den gowragynyň Güneşli günlerdigi ylmy esasda subut edilen hakykatdyr. Şol esasda Günüň ýagtylyk energiýasynyň ýeriň üstüne düşýän ortaça kuwwatynyň 800 – 1000 watt inedördül metre, gije-gündiziň ýagty wagtynyň 12 – 14 sagada barabar bolmagy bolsa, biziň döwletimizde Gün energiýasyny peýdalanmaga mümkinçilikleriň uludygyny görkezýär. Ýylyň köp wagtynda Türkmenistanyň demirgazygynda demirgazyk-gündogar, Köpetdagyň merkezi hem-de dagetek düzlükleriniň ugrunda gündogar, Günorta-Gündogar Garagumda bolsa demirgazyk ýelleri öwüsýär. Türkmenistanyň günorta-gündogaryndaky käbir etraplarda relýefiň täsiri astynda, demirgazyk ýelleri demirgazyk-günbatar ýellerine öwrülýär. Türkmenistanyň bütin çäginde gowşak we aram ýeller (tizligi 5 metr sekunda çenli) agdyklyk edýär. Tizligi 15 metr sekuntdan gowrak ýelli günleriň sany Merkezi Garagumda, ortaça, 5 – 10, Günorta-Gündogar Garagumda 3 – 8 gündür. Hazar deňziniň demirgazyk kenar ýakasy, Köpetdagyň günbatar etekleri we Amyderýa jülgesi ýelleriň iň köp bolýan ýerleridir. Güýçli tizlikli ýeller, köplenç, günbatar, demirgazyk-günbatar we demirgazyk sowuk howa massalary aralaşanda döreýär. Merkezi we Günorta-Gündogar Garagumda ýokary tizlikli ýeliň bolýan günleriniň ortaça ýyllyk sany 30 – 40 gündür.

Ýerli howa şertlerini göz öňünde tutup, ýurdumyzyň gidrometeorologiýa gullugynyň gözegçi hünärmenleri tarapyndan Balkan daglarynyň uly we kiçi Balkan daglarynyň aralygyndan ýeliň uly tizlikde öwüsýändigi anyklanyp, bu babatda seljerme işleriniň geçirilmegi takyk maglumatlary almaga ýardam etdi. Ýeliň döremeginiň esasy sebäbi hem onuň beýik basyşly sebitden pes basyşly sebite tarap öwüsýänligidir. Ýel dag ulgamlarynyň päsgelçiliklerine duçar bolanda, onuň ugrunyň tizliginiň üýtgeýändigi seljerildi. Bu ýerde ýeliň tizligi minimum 5 metr sekunt bolup, maksimum bolsa 50 metr sekunda çenli ýetýär. Şonuň bilen bir hatarda Hazar deňzi we Garagum sährasynyň tomsuna deň gyzmaýandygy hem-de gyşyna deň sowamaýandygy sebäpli, olaryň arasynda boriki gradiýent howa emele gelýär we netijede güýçli ýeller öwüsýär. Ýeller dag geçelgeleriniň arasyndan geçende gysylýar we ýokary tizlik bilen çykýar. Şeýlelikde, bu ýerde ýel elektrik enjamlarynyň birnäçesini ýerleşdirmek mümkinçiliginiň bardygy ýüze çykýar.

Muhammetgeldi ÇOPANOW,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň uly mugallymy, tehniki ylymlaryň kandidaty.