Owadan reňkli gaýalar

16 Maý 2023
640

Hytaýyň Gansu welaýatynda ýerleşýän Çžanýe Danksia milli seýilgähindäki reňkli gaýalar diňe bir bu ýurduň däl, eýsem, tutuş dünýä döwletleriniň syýahatçylarynyň ünsüni özüne çekýär. Bu owadan reňkli gaýalar ýurtda duş gelýän, dünýäniň başga hiç bir künjünde gaýtalanmaýan petrografiki geomorfologiýanyň dag emele gelşiniň aýratyn görnüşidir. Reňkli gaýalarda älemgoşaryň düzümindäki ähli reňkler bar diýsek ýalňyşmarys. Ýöne bu ýerde ilkibada gyzyl we goňur reňkleriň sazlaşygy göze ilýär.

Uzakdan suratkeşiň dürli reňkli galamlary arkaly çeken suratyna meňzeş görünýän bu gaýalar gadymy döwre degişli bolan reňkli çägelerden we dag jynslaryndan ybarat. Geçirilen ylmy-barlag işleriniň esasynda, takmynan, 100 million ýyl mundan ozal bu ýerde uly suw howdanynyň bolandygy, şol suwuň bu ýerde birnäçe gyrmançalary emele getirendigi, käbir tebigy sebäplere görä, howdanyň suwunyň bugarandygy anyklanyldy. Birnäçe ýyllaryň dowamynda dag emele geliş hereketleri bu ýeriň landşaftyny dürlüçe özgerdýär. Ýokardan aşak tarap akýan suw bu gaýalary ýonupdyr we özünden parçalanan gyzyl reňkli gaýalary galdyryp gidipdir.

Mukam JUMAÝEW,
Repetek döwlet biosfera goraghanasynyň bölüm başlygy.