Kuraş boýunça dünýä çempionatynyň tutluşyklary başlandy
Aşgabatdaky Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda Kuraş boýunça dünýä çempionatynyň tutluşyklary başlandy. Häzirki wagtda ýaryşyň deslapky tutluşyklary geçirilýär. Çempionatyň dowamynda göz öňünde tutulan 15 agram derejesiniň sekizisi boýunça ýaryşlar şu gün geçiriler. Has takygy, günüň ahyryna çenli erkekleriň arasynda 90 we 100 kilograma çenli, 100 kilogramdan ýokary, zenanlaryň arasynda bolsa 48, 52, 57, 63 hem-de 70 kilograma çenli agram derejelerinde dünýäniň täze çempionlary we dünýä çempionatynyň täze medalçylary belli bolar.