«7/24. tm» № 49 (184) 27.11.2023
Görogly etrabynyň 3-nji sport mekdebinde çagalaryň we ýetginjek oglan-gyzlaryň arasynda kýokuşinkaý karate boýunça 3-nji sport mekdebiň açyk birinjiligi geçirildi. Oňa Daşoguz şäheriniň 3-nji sport mekdebiniň türgenleri we Görogly etrabynyň 1-nji, 2-nji we 3-nji sport mekdepleriniň türgenleri gatnaşdylar. Ýaryş guramaçylykly dowam edip, oňa ýaş türgenleriň ene-atalary we sportsöýüjileriň uly topary tomaşa etdiler. Türgenler garşydaşlary bilen üstünlikli bäsleşip, ýakymly täsir galdyrdylar. Baýgeldi Muhyýew, Atabaý Halmedow, Kakabaý Gurbanow, Maksat Bazarow, Begenç Gurbangeldiýew, Ýakup Nuryýew ýaly ýaş türgenler ýaryşyň ýeňijisi boldular. Ýeňijilere Jumamyrat Baýlyýew, Allamyrat Kurbanow, Gülsere Maýlybaýewa, Oguljan Tuwakowa ýaly tälimçi-mugallymlar halypalyk etdiler.