Ku­raş. XIV dün­ýä çem­pio­na­ty

26 Noýabr 2023
270

«7/24. tm» № 49 (184) 27.11.2023

Halk­la­ryň ara­syn­da dost-do­gan­ly­gy, hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­ly­gy has-da pug­ta­lan­dyr­mak, be­den­ter­bi­ýä­ni we spor­ty wa­gyz et­mek, jem­gy­ýe­ti­miz­de sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­ni iş­jeň or­naş­dyr­mak, ösüp gel­ýän ýaş nes­li sport bi­len meş­gul­lan­ma­ga giň­den çek­mek, şeý­le hem ýur­du­my­zyň hal­ka­ra sport ab­ra­ýy­ny has-da be­len­de gö­ter­mek mak­sa­dy bi­len paý­tag­ty­myz­da ge­çi­ril­ýän Ku­raş bo­ýun­ça XIV dün­ýä çem­pio­na­ty gyz­ga­laň­ly do­wam ed­ýär. Bu hal­ka­ra ýa­ryş Aş­ga­bat şä­he­ri­niň Olim­pi­ýa şä­her­ji­gi­niň Ba­şa-baş sö­weş sun­ga­ty sport top­lu­myn­da ge­çi­ril­ýär. Mer­ke­zi Azi­ýa se­bi­tin­de de­ňi-ta­ýy bol­ma­dyk Olim­pi­ýa şä­her­çe­si ýur­du­myz­da öz­bo­luş­ly iri sport top­lum­la­ry­nyň bi­ri bo­lup, 30-dan gow­rak dür­li des­ga­la­ry öz içi­ne al­ýar. 5000 to­ma­şa­ça ni­ýet­le­nen Ba­şa-baş sö­weş sun­ga­ty sport top­lu­my ba­şa-baş gö­reş spor­tu­nyň köp gör­nüş­le­ri bo­ýun­ça ýa­ryş­la­ry ge­çir­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýär.