Mediaforumdan maglumatlar

27 Noýabr 2023
224

Geçen şenbe güni Olimpiýa şäherçesindäki «Sport» myhmanhanasynda Kuraş boýunça dünýä çempionaty bilen bagly mediaforum geçirildi. Türkmenistanly we daşary ýurtly žurnalistleriň gatnaşmagynda «Kuraş boýunça dünýä çempionaty dünýä metbugatynda» diýlen at bilen geçirilen mediaforumda oňa görlen taýýarlyk barada maglumatlar berildi. Şol maglumatlaryň käbirini okyjylarymyz bilen paýlaşmagy makul bildik.

Dünýä çempionaty Aşgabat şäherinde 2016-njy ýyldan bäri iri ýaryşlaryň ençemesini kabul eden Olimpiýa şäherçesinde geçiriler. Çempionatyň duşuşyklaryny geçirmek üçin şäherçedäki 5 müň orunlyk Başa-baş söweş sungaty sport toplumy saýlanyp alyndy. Toplumyň esasy zaly Halkara kuraş assosiasiýasynyň talaplaryna laýyklykda doly enjamlaşdyryldy. Çempionata gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen 500-e ýakyn daşary ýurtly myhmana Olimpiýa şäherçesindäki «Sport» we «Türgenler» myhmanhanalarynda ýokary derejede hyzmat edilýär.