«7/24. tm» № 49 (184) 27.11.2023
Sport — saglyk, hyjuw, başarnyk we geljege bolan ynamly gadam. Adamzat durmuşynyň aýrylmaz bölegine öwrülen sport häzirki wagtda dünýä ýüzünde meşhurlyga eýedir. Ynsan ýaşan ömrüniň ähli lezzetini, şatlygyny, süýjüligini, gününden hoşnutlygyny diňe saglygy bilen duýýar. Aýdylyşy ýaly, sport sagdynlygyň, ruhy baýlygyň girewidir.