«7/24. tm» № 49 (184) 27.11.2023
Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysy 2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynyň saýlama tapgyrynda nobatdaky tapgyryň duşuşygyny geçirdi. Türkmen futbolçylary 2023-nji ýylyň 21-nji noýabrynda Gonkongyň ýygyndysy bilen duşuşdylar. Oýnuň dowamynda ildeşlerimiz iki gezek öňe saýlananam bolsalar, meýdança eýeleri erjellik görkezip, hasaby deňlemegi başardylar.