"Rysgal" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi
Salgysy: Aşgabat şäheri, A.Nyýazow şaýoly, 174
Telefon belgileri:21-23-57

Habarlar

Möwsümleýin döwrebap we rahat aýakgaplar

Rahat, ýeňil we pasla görä aýakgaplar — alyjylaryň esasy islegi. Her bir adamyň aýagynyň şekili we ölçegi dürlüçe bolýar. Şol sebäpli aýagymyza laýyk köwüş saýlamak saglygymyz üçin hem, ýadamazlygymyz üçin hem zerur hasaplanylýar. Şundan ugur alyp, bu günki gün türkmen telekeçileri oňaýly we rahat aýakgaplary öndürip, ýurdumyzyň hususy pudagynyň ösüşine mynasyp goşant goşýarlar. RUNO: Eýýäm 22 ýyldan gowrak wagt bäri ýokary hilli aýakgap önümlerini öndürip, halkyň söýgüsini gazanan kärhanalaryň biri-de, «Runo» haryt nyşanly aýakgaplary, guşaklary, ýörite lybaslary öndürýän kärhanadyr.

«Altyn gümmez» internet dükany hyzmatyny hödürleýär

Ýurdumyzda gündelik gerekli harytlaryň islendik görnüşini özünde jemleýän onlaýn dükanlaryň sany günsaýyn artýar. Muňa mysal edip, Mary şäherindäki «Altyn Gümmez» söwda onlaýn marketini görkezmek bolar. Bu onlaýn market özüniň ýeňillikli hyzmatlaryny halk köpçüligine hödürlemek bilen bir hatarda, haryt bahalarynyň elýeterliligi, dessin eltip bermek hyzmaty, tölegleriň nagt hem-de nagt däl görnüşinde amala aşyrylmagy bilen tapawutlanýar.

3-damja: Kärendeçiler onlaýn platformada

Bäherden etrabynyň «Garry Nohur» daýhan birleşiginde «3-Damja» birleşiginiň kärendeçileri 16 ýyldan gowrak bäri bölünip berlen ýerde zähmet çekip, ilaty ekologiýa taýdan arassa we sagdyn önüm bilen üpjün edýärler. Olar hiç hili himiki dökün ulanmazdan, malina, smorodina, çereşnýa, badam, erik we igde ösdürip ýetişdirýärler. «3-Damja» birleşiginiň kärendeçileri öz işinde sanly tehnologiýalary ornaşdyryp, diňe bir ekerançylyk ýerleriniň hasyllylygyny ýokarlandyrman, eýsem, tejribelerini başga kärendeçiler bilen paýlaşýarlar. Olar 3-damja.com saýty arkaly daýhançylyga täze başlan ildeşlerimize howa şertlerine, topragyň we suwuň häsiýetlerine görä, suwarmagyň usullaryny we ýollaryny kesgitlemäge kömek edýärler, ekinler, seleksiýalar babatynda maslahat berýärler.

Süýt önümçiligi: Saglyk we ýokary hil

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda ýurdumyzyň hususy ulgamynyň wekilleri yhlasly we öndürijilikli zähmet çekip, milli ykdysadyýetimiziň ähli ugurlarynda bolşy ýaly, oba hojalyk önümçiligini kämilleşdirmäge, Diýarymyzda öndürilýän azyk önümleriniň möçberini artdyrmaga öz goşantlaryny goşýarlar. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýuna zähmet üstünlikleri bilen barýan türkmen telekeçileri häzirki günlerde öz önümçilikleriniň gerimini has-da giňeldip, önümleriň dürli görnüşlerini halkymyza ýetirýärler. Şunda telekeçiler tarapyndan öndürilýän süýt we süýt önümleriniň öndürilýändigini aýratyn bellemek gerek. Süýt önümleri ynsan saglygyny berkitmekde uly ähmiýete eýedir. «ŞAWAT» haryt nyşanly süýt we süýt önümlerine bolan isleg barha artýar. Daşoguz welaýatynyň merkezi şäherinde ýerleşýän «Şawat» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň önümleri welaýatyň hem-de ýurdumyzyň beýleki sebitlerindäki söwda nokatlarynyň tekjelerini bezeýär. Daşoguzly telekeçileriň mesge ýagy, gatyk, uýadylan gaýmak, peýnir, aýran, dorag, süzme, ýogurt ýaly ynsan saglygy üçin peýdaly süýt we süýt önümleri ýokary hili hem-de elýeterli bahasy bilen alyjylaryň söýgüli harytlaryna öwrüldi.

Polipropilenden multifilament ýüplükler – ýerli çig maldan eksport ugurly önümler

Häzirki wagtda ýurdumyzda işewürligiň ileri tutulýan ugurlary hökmünde ýerli çig mallardan daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutup biljek önümleri öndürýän senagat kärhanalary yzygiderli döredilýär. Şolaryň biri hem polipropilenden multifilament ýüplükleri öndürýän «Abraýly dostlar» hususy kärhanasydyr. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Ak bugdaý etrabyndaky senagat zolagynda ýerleşýän kärhanada ýüplükler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda we Gyýanlydaky polimer zawodynda işlenip taýýarlanylýan çig maldan öndürilýär. Bu ýerde Awstriýanyň «SML» kompaniýasynyň iri döwrebap enjamlarynyň ornaşdyrylmagy ýüplükleri dykyzlykda we uly tizlikde öndürmäge mümkinçilik berýär.

Türkmen telekeçiligi ösüşli ýollarda

Diňe biziň ýurdumyzda däl, eýsem, daşarky bazarlarda hem öz işewürliginiň abraýyny ýokarlandyrmagy başarýan türkmen telekeçileriniň sany ýylsaýyn artýar. Şeýle kärhanalaryň biri-de, Mary welaýatynyň Oguz han etrabynda ýerleşýän «Agaýana» hususy kärhanasydyr. Bu kärhanada daşyndan getirilýän önümleri ýurdumyzda öndürmek, senagat ugurly önümleriň önümçilik depginini artdyrmak ugrunda maksada gönükdirilen işler durmuşa geçirilýär.

«Milli önüm» polipropilen ýüpleriň önümçiligini giňeldýär

Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde ýerleşýän «Milli önüm» hususy kärhanasynda polipropilen ýüpleriň önümçiligi alnyp barylýar. Ýyladyşhanalarda gök önümleri, şeýle-de bede, saman desselerini daňmak üçin ulanylýan ýüplere içerki bazarda, daşary ýurtlarda-da uly isleg bildirilýär. Olar 1 kilogram 300 gramdan 5 kilograma çenli agramdaky sargylar görnüşinde öndürilýär. Kärhanada her aýda 50 tonna polipropilen gaýtadan işlenilýär. Munuň üçin çig mal Gyýanlydaky polimer önümleri kärhanasyndan, şeýle-de Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyndan getirilýär. Bu ýerde Germaniýanyň ýokary öndürijilikli enjamlary ornaşdyrylypdyr.

«Halk hazyna» hojalyk jemgyýeti – jogapkärli we ygtybarly hyzmatdaş

Bazar gatnaşyklaryna geçilýän häzirki zaman şertlerinde hormatly Prezidentimiziň örän oýlanyşykly başlangyçlary esasynda hususy ulgamyň ösdürilmegine uly ünsüň berilmegi ýurdumyzda öndürilýän önümleriň önümçilik depgininiň artmagyna oňyn täsirini ýetirýär. Döwlet tarapyndan döredilýän mümkinçilikler bolsa türkmen telekeçileriniň importyň ornuny tutýan, eksport ugurly önümleri öndürmeklerine giň ýol açýar. Bu babatdaky işler senagat ugurly önümçilikde hem üstünlikli alnyp barylýar. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň senagat zolagynda ýerleşýän «Halk hazyna» hojalyk jemgyýeti dürli görnüşdäki we göwrümdäki plastik gaplaryň önümçiligini ýola goýdy. Kärhanada buýurmalar esasynda süýt we süýt önümleri, himiki serişdeler üçin niýetlenen plastik gaplar öndürilýär. Şeýle hem «Halk hazyna» hojalyk jemgyýeti müşderileriň islegine görä, gaplara haryt nyşanyny çap etmek işlerini hem alyp barýar. Ýewropanyň öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrylan kärhanada çap ediji enjamyň kömegi esasynda ofset usulynda plastik gaplara harydyň nyşany çap edilýär.

Merkezi Aziýa: Hoşniýetli goňşuçylyk. Ynanyşmak. Giň gerimli sebit hyzmatdaşlygy

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen 6-njy awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy bu sebitiň döwletleriniň — Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň özara bähbitli hyzmatdaşlygynda täze gözýetimleri, giň mümkinçilikleri açar. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda geçirilýän bu taryhy duşuşyk sebitiň ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogy, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysady forumy, milli önümleriniň halkara sergisi, milli tagamlarynyň festiwaly we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň sungat ussatlarynyň dabaraly baýramçylyk konserti bilen utgaşar. Merkezi Aziýa Ýewraziýanyň merkezinde, geosyýasy we geoykdysady taýdan amatly 3 million 882 inedördül kilometr çäkde ýerleşip, umumylykda 75 milliondan gowrak ilaty özüne birleşdirýär. Bu sebit ösen medeniýetleriň ojagy, Beýik Ýüpek ýolunyň möhüm şahalarynyň çatrygy we hoşniýetli goňşuçylygyň nusgasy hasaplanýar. Merkezi Aziýa we Hazar basseýni sebitlerine Ýewraziýada strategik durnuklylygyň mäkäm halkasy, Ýewropa hem Aziýa ýurtlary üçin geljegi uly bolan ykdysady hyzmatdaş, yklymyň iri energetika, ulag merkezi hökmünde garalýar. Şonuň üçin hem daşarky ykdysady we syýasy merkezler tarapyndan Merkezi Aziýa bolan gyzyklanma ýylsaýyn artýar.

Tiztapal – iri söwda merkezi

Döredilenine köp wagt geçmedik hem bolsa, «Tiztapal» onlaýn söwda merkezi ulanyjylaryň söýgüsini gazandy. Onuň kömegi bilen ýurdumyzyň marketlerinde we söwda merkezlerinde söwda etmek, kafedir restoranlara sargyt etmek mümkin. Munuň üçin, ilki bilen, söwda merkeziniň ykjam goşundysyny telefonyňyza ýükläp, agza bolmaly. Ulanyjylar türkmen we rus dillerini saýlap bilerler. Bu onlaýn söwda merkezinde zenanlar we erkek adamlar, çagalar üçin aýratyn bölümler göz öňünde tutulypdyr. Şeýle-de «Elektronika we tehnika», «Hojalyk harytlary», «Sport we syýahatçylyk», «Kosmetika», «Bezegler we şaý-sepler», «Matalar we tikin önümleri», «Öý we bag», «Kanselýariýa», «Mebel», «Baýramçylyk we sowgatlar» ýaly bölümleriň bolmagy internet söwdasynyň muşdaklarynyň işini has-da ýeňilleşdirýär. Onda sargydy yzarlamak hyzmaty hem bar.

«Sanly market»: sat we satyn al

«Sanly market» onlaýn söwdany üpjün etmek üçin dürli söwda nokatlary bilen hyzmatdaşlyk edýär. Bu platforma satyjylaryň öz işini tutuş ýurda tanatmagyna, alyjylaryň bolsa ykjam goşundy arkaly gerek zadyny satyn almagyna ýardam edýär. Sanly ykjam goşundynyň aýratynlygy, ony ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda ulanyp bolýandygyndadyr. Sebäbi onda welaýatlardaky hereket edýän marketler hem ýerleşdirilen. Bu onlaýn bazar müşderilerine azyk önümlerinden başlap, arassalaýjy serişdeler, gözellik serişdeleri, hatda mebel harytlarydyr kompýuter enjamlaryny hem hödürleýär.

Ýokary hilli, bäsdeşlige ukyply önümler

Ýurdumyzyň tikinçilik kärhanalary öz işlerinde, ilkinji nobatda, ilatyň möwsümleýin isleglerini nazarda tutup, dünýä meýillerine laýyklykda, lybaslaryň, egin-eşikleriň täze görnüşlerini işläp taýýarlaýarlar we önümçilige hödürleýärler. Häzirki wagtda tomus paslynyň dowam edýän günlerinde tikinçilik kärhanalarynda erkekler we zenanlar üçin tomus möwsümine niýetlenen egin-eşikler, şeýle-de mekdep okuwçylary we talyplar üçin niýetlenen lybaslaryň önümçiligi ýokary depginde alnyp barylýar. Mary welaýatynyň Mary şäherindäki «Eşretli bagtyýar zaman» hususy kärhanasynda hem buýurmalar esasynda egin-eşikleriň dürli görnüşleri taýýarlanylýar. Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda giň göwrümli özgertmeler we maksatnamalaýyn işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Kiçi we orta telekeçilik ösýär we hususy pudagyň wekilleriniň işleriniň gerimi giňeýär, häzirki zaman önümçilik kärhanalarynyň sany barha artýar.

Maksadymyz – ýokary hilli önümleri öndürmek

Döwlet Baştutanymyzyň milli ykdysadyýetimizi döwrebap derejede ösdürmek, halk hojalygynyň dürli pudaklarynda hususy işewürligiň paýyny artdyrmak hem-de daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçilikleri ösdürmek baradaky sargytlaryndan ugur alnyp, türkmen telekeçileri tarapyndan uly işler durmuşa geçirilýär. Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň senagat zolagynda ýerleşýän «Ýelken» hususy kärhanasy 2016-njy ýyldan bäri oba hojalyk önümleri üçin dürli göwrümdäki polipropilen haltalaryň we sement daşamak üçin haltalaryň önümçiligini alyp barýar. Dünýäniň öňdebaryjy tehnologiýalarydyr enjamlary omaşdyrylan kärhanada önümler arassaçylyk-gigiýena babatda ýörite barlaghana synaglaryndan geçirilip, degişli güwänamalar bilen üpjün edilýär. Telekeçi Şamuhammet Mollagylyjow tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän kärhanada esasy çig mal hökmün-de halkara bazarda «Türkmenplen» ady bilen giňden tanalýan ýerli polipropilen ulanylýar.

Bazarda islegli harytlar

Türkmen telekeçileri, hususyýetçileri ýurdumyzyň senagat taýdan ösen döwletleriň hataryna goşulmagynda milli Liderimiziň durmuşa geçirýän işlerine öz mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Olar täze önümçilikleri döredip, eksport önümleriniň görnüşlerini artdyrmagy, içerki bazarlarymyzy ýokary hilli harytlar bilen doly üpjün etmegi özleriniň baş maksady hasaplaýarlar. 2014-nji ýylda döredilen «Kökçi» hojalyk jemgyýeti akkumulýator önümçiligini ýola goýmak bilen, içerki bazaryň bu önümlere bolan islegini kanagatlandyrmaga uly goşant goşmagyň hötdesinden geldi. Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde ýerleşýän «Kökçi» hojalyk jemgyýetinde 100-den gowrak hünärmen zähmet çekýär. Kärhananyň kuwwatlylygy ýylda 60 müň sany akkumulýator öndürmäge niýetlenendir.

«Kerwen» söwda platformasy

Maglumatlar eýýamynda sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmak işewürligi ösdürmegiň esasy talaplarynyň biridir. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň sanly hyzmatlary bilen adygan agzalarynyň biri-de «Kerwen» hojalyk jemgyýetidir. Ol ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň konsepsiýasyndan ugur alyp, elektron tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça giň gerimli işleri amala aşyrýar. Häzirki döwürde onuň «Kerwen» söwda platformasyndan peýdalanýanlaryň sany has-da artýar. www.kerwen.com.tm salgysynda ýerleşýän internet söwda giňişliginiň «Biz barada», «Market», «Onlaýn sergi», «Onlaýn žurnal». «Bank hyzmatlary», «Öndürijiler», «Alyjylar» ýaly bölümleri hem onuň köpugurlydygyny görkezýär. Onuň maglumatlar binýadynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň milli ykdysadyýetimiziň dürli ugurlaryna degişli agzalary hakynda giňişleýin, anyk maglumatlar berilýär. Onuň kömegi arkaly telekeçiler öz şahsy elektron otagyny açyp, ony ýöredip, müşderileridir hyzmatdaşlary bilen ýakyn aragatnaşyk saklamaga mümkinçilik alýarlar.

Önümçilikde täze tapgyr

Telekeçilerimiz oba hojalyk pudagynyň ösüşine mynasyp goşant goşmak bilen, bu ugurda täze önümçilikleri yzygiderli ýola goýýarlar. Şolaryň biri Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň «Ahal» daýhan birleşiginiň çäginde «Maksada okgunly» hususy kärhanasy tarapyndan hindi towuklarynyň önümçiligi ýola goýlan guşçulyk toplumydyr. Bu ýerde alnyp barylýan işler bilen gyzyklanyp, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy Maksat Ibragimowa ýüz tutduk. Telekeçi ylmy taýdan esaslandyrylan önümçilik barada şeýle gürrüň berdi: - Ýeri gelende bellesek, «Maksada okgunly» hususy kärhanamyz ýurdumyzda hindi towuklarynyň önümçiligini ilkinji bolup ýola goýdy. Önümçilikde bu towuklaryň ynsan bedeni üçin ýokumly görnüşlerini saýlap aldyk. Hususan-da, Fransiýanyň 2008-nji ýylda hindi towuklarynyň önümçiligini ýola goýan «Aviagen» kompaniýasy bilen hyzmatdaşlyk edip, şol ýerde ýetişdirilýän guş tohumlaryny önümçilikde peýdalanýarys.

Yhlasly zähmetiň miwesi

Ýurdumyzyň telekeçileri hususy önümçiligi ösdürmek boýunça döredilýän oňaýly şertlerden peýdalanyp, ýokary hilli önümleriň täze görnüşleriniň önümçiligini özleşdirip, bazarlarymyzy daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümler bilen üpjün etmek ugrunda zähmet çekýärler. Terligine doňdurylyp, owadan gaplara gaplanan gök-bakja önümleri we miweler hem ýurdumyzyň söwda merkezlerinde, aýratyn-da, gyş aýlary ýokary islegden peýdalanýar. Çünki bu döwürde alyjylar witaminlere baý gök-bakja we miwe önümlerine bolan isleglerini terligine doňdurylan gök-bakja önümleri hem-de miweler bilen kanagatlandyrýarlar. Telekeçi Amandursun Begjanowa tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän gök-bakja önümleri we ir-iýmişleri terligine doňduryp, gelşikli gaplara gaplaýan kärhanada gyş möwsümine gyzgalaňly taýýarlyk görülýär. Her gün ençeme kilogramdan tonna çenli gök-bakja önümleri we ir-iýmişleri terligine doňduryp, gaplaýan kärhanada taýýarlanylan önümleri «Halk market» söwda merkezlerinde ýylyň islendik paslynda satyn almak bolýar. Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň çäginde kärendesine alnan onlarça gektar ýerde ýeralma we beýleki bakja ekinleriň bol hasyly ýetişdirilýär.

Bereketli topragyň taýsyz tagamlary

Bereketli hasylyň ösüp ýetişýän şu günki günlerinde Mary welaýatynyň Mary etrabynda ýerleşýän «Selbi» daýhan hojalygynda hem işler gyzgalaňly depginde alnyp barylýar. Telekeçi Babajan Nuryýewiň ýolbaşçylyk edýän bu daýhan hojalygynda yhlasly işçileriň 15-den gowragy zähmet çekip, önümleri arassalamak, saýlamak işlerinden başlap, bankalara gaplamak işlerini alyp barýarlar. Olaryň yhlasly zähmeti netijesinde şu günler gök-bakja önümleriň görnüşleri gaýtadan işlenilýär.

Eksport ugurly önümler

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň sebitleriniň senagat pudagyny ösdürmek, daşary döwletlerden getirilýän harytlaryň ornuny tutýan ýerli önümleriň önümçiligini giňeltmek hem-de dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyply, eksport ugurly harytlaryň möçberini artdyrmak ugrunda edýän tagallalarynyň netijesinde «Akar» haryt nyşanly joraplary öndürýän kärhanamyzda hem üstünlikli işler alnyp barylýar. Kärhanamyz 2018-nji ýylda işe girizildi. Ýurdumyzyň hususy eýeçiliginde «Akar» haryt nyşany bilen öndürilýän joraplar hil derejesiniň ýokarylygy bilen tapawutlanýar. Şeýle bolansoň, ekologiýa taýdan arassa, eksport ugurly önümlerimize diňe bir içerki bazarda däl, eýsem, daşarky bazarda hem isleg ýokary.

SUW TYGŞYTLYLYGY - berekediň çeşmesi

Hormatly Prezidentimiz oba hojalygyny durnukly ösdürmek hem-de azyk howpsuzlygyny pugtalandyrmak maksady bilen. tygşytlaýjy tehnologiýalary, öňdebaryjy tejribäni we bu ulgamda ylmyň iň soňky gazananlaryny ornaşdyrmak arkaly suwdan peýdalanmagyň netijeliligini ýokarlandyrmagyň zerurdygyny nygtaýar. Suw serişdelerini dolandyrmaga, ugurdaş düzümleri döwrebaplaşdyrmaga, täze pudaklaýyn desgalary, suwaryş ulgamlaryny gurmaga toplumlaýyn, oýlanyşykly çemeleşmek zerurdyr. Ekin meýdanlary suwarylanda, ekinleriň dürli görnüşleri üçin suwuň sarp edilişini hem-de ýerli toprak-howa şertlerini göz öňünde tutmak möhümdir. Türkmen halky ähli döwürlerde hem suwy tygşytly ulanyp, ekerançylygyň, daýhançylygyň ençeme ýüzýyllyklaryň synagyndan geçen ajaýyp hem asylly däplerini kämilleşdiripdir. Suw damjasyny zer dänesine deňän ata-babalarymyz suwuň gadyr-gymmaty, onuň ynsan durmuşynda tutýan orny hakynda «Suw - atadyr, ýer - ene», «Suwuň ýok ýerinde ýaşaýyş ýok», «Gyş suwy - gyzyl suwy», «Suw berseň, akary bilen, mal berseň, bakary bilen», «Suwly ýer - gül, suwsuz ýer - çöl», «Suw ýygnanyp köl bolar, köp ýygnanyp - il» diýen nakyllary nesillere miras goýupdyrlar.