Kuraş boýunça XIV dünýä çempionaty dowam edýär

26 Noýabr 2023
527

Ine, sabyrsyzlyk bilen garaşylan, ykjam taýýarlyk görlen gün hem gelip ýetdi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda özgerişiň mekany bolan, şan-şöhraty dünýä dolan, ösüşiň täze belentliklerine tarap öňe barýan we toýlary-toýa ulaşýan eziz Watanymyzyň paýtagtynda Kuraş boýunça XIV dünýä çempionaty dowam edýär.

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly ýurdumyzyň we halkymyzyň durmuşynda ýatdan çykmajak wakalar bilen taryha ýazylýar. Jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkarar bolmagy, halkymyzyň, ilkinji nobatda, ýaşlaryň köpçülikleýin bedenterbiýe we sport hereketine çekilmegi babatda zerur çäreler durmuşa geçirilýär. Kuraş boýunça XIV dünýä çempionatynyň geçirilmegi bolsa Watanymyzyň şan-şöhratyny, milli özboluşlylygymyzy dünýä ýaýmaga, dost-doganlyk gatnaşyklarymyzy has-da pugtalandyrmaga ýardam eder.

Taýýarlan Altyngül GARAÝEWA,
«Mugallymlar gazeti».