Türkmen sportunyň täze sahypasy

26 Noýabr 2023
424

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ylma esaslanýan beýik başlangyçlary esasynda üstünlikli durmuşa geçirilýän toplumlaýyn sport çäreleriniň netijesinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe sport jemgyýetiň sagdynlygynyň, nesilleriň sazlaşykly beden we ruhy taýdan ösüşiniň aýrylmaz düzümine öwrüldi.

Munuň dogrudan hem şeýledigine mermer paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherçesinde badalga alan Kuraş boýunça ХIV dünýä çempionaty aýdyň şaýatlyk edýär. Halkara çärelerine, sport ýaryşlaryna örän ýokary derejede guramaçylykly taýýarlyk görýän Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan bu dünýä çempionatyna uly taýýarlykly geldi. Olimpiýa şäherçesiniň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda guralýan Kuraş boýunça dünýä çempionatyna ata Watanymyzyň Milli ýygyndy toparynyň düzüminde umumy 15 türgen çykyş edýär. Dünýäniň 50-den gowrak ýurdundan 500-e ýakyn pälwan medallaryň 60-sy ugrunda güýç synanyşýarlar. Pälwan ýigitleriň toparyna Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Dörtguly Tejenow, zenanlar toparyna halkara derejeli sport ussady, Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Şirin Kubaýewa ýolbaşçylyk edýär. Türkmenistanyň Milli ýygyndy toparynyň türgenleri Kuraş boýunça dünýä çempionatyna Gyrgyz Respublikasynyň Yssyk-Köl diýen sebitinde, Lebap welaýatynda, şeýle hem sebitde ilkinji «akylly» şäher bolan Arkadag şäheriniň köpugurly sport toplumynda türgenleşik geçip, diýseň taýýarlykly geldiler. Dünýä çempionatynda güýç synanyşjak türgenleriň 11-siniň Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň uçurymydygy, 2-siniň bolsa ýokary okuw mekdebimiziň talyplarydygy bizi diýseň guwandyrýar. Ýeri gelende belläp geçsek, bu dünýä çempionatyna ýokary okuw mekdebimiziň professor-mugallymlary tarapyndan «Kuraş boýunça ХIV dünýä çempionatynyň gollanmasy» taýýarlanylyp çap edildi. Şeýle hem «Kuraş göreşiniň nazaryýeti we usulyýeti» atly okuw kitaby täzeden işlenilip çap edildi.

Jeren DURDYÝEWA,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň uly mugallymy.