«7/24. tm» № 49 (184) 27.11.2023
Häzirki wagtda Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherindäki Olimpiýa şäherçesiniň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda Kuraş boýunça XIV dünýä çempionaty dowam edýär. Şol çempionaty bolsa ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary teswirleýärler. Munuň özi olaryň nazaryýetde öwrenenlerini tejribelikde berkitmäge oňat mümkinçilik bolup, ýaş teswirleýjileriň kämilleşmegine getirýär. Bu barada «www.turkmenistaninfo.gov.tm« saýty habar berýär.