TARYH BIR GÜNDE ÖZGERIP BILÝÄR

27 Noýabr 2023
322

Beýemçiniň: «Pylan pälwana ýaka göreşinden garşydaş barmy?» diýen sözleri çagalykdan gulagymyzda galypdyr. Her toýda diýen ýaly telim ýola eşidilýän bu jümlelerde agzalýan «ýaka göreşiniň» asyl adynyň «kuraşdygyny» aga-gara göz ýetirenimizden soň bilip galdyk. Has takygy, mundan 6 ýyl ozal Aşgabat Aziadasynyň kuraş boýunça ýaryşlaryna tomaşa edýärkäm, «Bu Lebap toýlarynda tutulýan ýaka göreşi ahyryn!» diýenim ýadymda. Görüp otursak, biziň «ýaka göreşimiz» dünýäniň 118 döwletinde agzalary bolan halkara assosiasiýanyň döremegine esas beren göreş görnüşi eken.

Türkmen milli göreşi bilen deň hatarda, toý-baýramlarda şanyna uly-uly baýraklar goýlan, şeýdip hem olaryň hemişelik ýatda galmagyna sebäp bolan kuraş üçin bu gün dünýä döwletlerinden myhmanlar Aşgabatda tutulýan toýa ýygnanýar. Munuň üçin Ýer ýüzüniň 50-den gowrak döwletinden gelenleriň umumy sany ýarym müňe golaýlaberdi.