“Türkmenistan kuraşyň abraýyny beýgeldýär”

27 Noýabr 2023
342

Şu günler paýtagtymyzda dowam edýän Kuraş boýunça dünýä çempionatynyň dabaralarynyň çäklerinde Halkara kuraş assosiasiýasynyň prezidenti Haýder Farman bilen söhbetdeş bolduk. Hormatly myhman söhbetdeşlige dünýä çempionatyny ýokary derejede geçirmäge döredilen şertler üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözlerini aýtmak bilen başlady:

— Biz Kuraş boýunça iň ýokary derejeli dünýä çempionatynyň şaýady bolýarys diýsek, hakykatdan daş düşmeris. Dünýä çempionatyny geçirmek baradaky teklibimizi uly höwes bilen kabul eden Türkmenistan bu gün sport baýramçylygyny ýokary derejede geçirmegiň göreldesini görkezýär. Munuň üçin ýurduň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa we Aşgabatda Olimpiýa şäherçesi ýaly ägirt uly taslamalaryň durmuşa geçirlmeginiň başynda duran türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallygymy bildirýärin.