Türkmeniň nusgalyk alabaýy

Esaslandyryjysy: Halkara "Türkmen alabaý itleri" assosiasiýasy
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 553/2 jaýy.
Telefon belgileri: 39-00-72

Habarlar

Gadymy Amulyň gymmatlyklary

Türkmen halky müňýyllyklara uzaýan baý taryha we medeni mirasa eýedir. Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde ajaýyp döwrümizde bu gymmatlyklarymyz aýawly saklanylýar, dikeldilýär, täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar. Taryhymyzy, medeni mirasymyzy çuňňur öwrenmek, gorap saklamak babatynda edilýän işler asyrlaryň dowamynda kämilleşdirilip gelnen mukaddesliklerimiziň täzeden dikeldilip, halkymyza ýetirilmegine iňňän uly täsirini ýetirýär. Halkymyzyň taryhynda öçmejek yz galdyran gadymy Amul galasynyň döreýiş taryhy hem hemmelerde uly gyzyklanma döredýär. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynda bu şäheriň irki döwürlerde söwda kerwenleriniň geçmeginde görnükli orny eýeländigi, bu ýerde senetçiligiň ösendigi taryhy maglumatlaryň üsti bilen giňden beýan edilýär. Galada alymlar tarapyndan ylmy-barlag işleri geçirilýär. Geçen ýyllarda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň baş ylmy işgäri N.Bäşimowanyň ýolbaşçylygynda Amul galasynda arheologik gazuw-agtaryş işleriniň geçirilmegi bolsa gadymy galanyň taryhyny çuňňur öwrenmeklige ýardam etdi. Ýadygärlikde dürli döwürlerde gazuw-agtaryş işleri geçirilende, toýun we keramika küýzeler, gap-gaçlar, gurluşyk serişdeleri, kerpiçler, çüýşe önümleri, teňňeler tapyldy. Kerki taryhy-medeni döwlet goraghanasynyň hünärmenlerin

Päk zähmete sarpa

Ýakynda Aşgabat şäher häkimliginiň Mejlisler zalynda Türkmenistanyň Gurluşyk we senagat toplumynyň hem-de Aşgabat şäher häkimliginiň işgärlerine gymmat bahaly sowgatlaryň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Onda Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda döredijilikli zähmet çekip tapawutlanan öňdebaryjy ýaşlaryň ençemesine hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Şeýle ajaýyp günde Şa serpaýyna mynasyp bolan ýaşlaryň birnäçesi hoşallyk sözleri bilen çykyş etdiler. Olar Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ýurdumyzda barha dabaralanýan Ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň uly üstünliklere beslenendigini aýratyn belläp, ýaşlara okamaga, öwrenmäge, döredijilikli zähmet çekmäge giň gerimli mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Prezidentimize, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza çäksiz alkyş sözlerini aýtdylar. Dabaranyň dowamynda baýramçylyk çykyşlary hem guraldy. Sungat ussatlarynyň eziz Watanymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan beýik işlerini wasp edýän aýdym-sazlary belentden ýaňlandy.

Döretmegiň ýoly bilen

Ýakynda paýtagtymyzda ýerleşýän Nebitgaz toplumynyň medeni-işewürlik merkezinde Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň guramagynda «Arkadagly Gahryman Serdarly bagtyýar ýaşlar Watanymyzyň kuwwaty» atly hoşallyk maslahaty geçirildi. Maslahat Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda üstünlikli geçirilen ýaşlaryň halkara ylmy-amaly maslahatynyň we sergisiniň jemlerine bagyşlanyldy. Bilşimiz ýaly, tamamlanan 2023-nji ýyl ýurdumyzyň bagtyýar ýaşlarynyň durmuşynda köpsanly ajaýyp wakalara, unudylmajak pursatlara baý boldy. Ýaşlaryň halkara ylmy-amaly maslahaty we sergisi hem ata Watanymyzda barha rowaçlanýan Ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň netijesinde ylymly-bilimli nesliň gazanan köpugurly üstünliklerini giňişleýin açyp görkezmekde ähmiýetli orun eýeledi. Ýylyň dowamynda, okuwda, döredijilikli zähmetde tapawutlanan ýaşlara döwlet sylaglarynyň, gymmat bahaly sowgatlaryň gowşurylmagy bolsa hormatly Prezidentimiziň ýaşlara bildirýän belent ynamynyň aýdyň subutnamasyna öwrüldi. Hoşallyk maslahatynda çykyş edenler bular hakynda giňişleýin gürrüň etdiler. Dabaranyň dowamynda halkymyza, ýaş nesillere şeýle eşretli durmuşda ýaşamaga, okamaga, öwrenmäge ähli mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Prezidentimize, Gahryman Arkadagymyza alkyş sözleri aýdyldy.

Ruhy kökler — täze menzilleriň başlangyjy

Bellibir senelerde geçen günleriň wakalaryna göz aýlap, şol döwrüň taryhyň nazaryýetinde nähili yz galdyrandygyna syn bermek, täze menzillere ýelken açmak däp bolup galypdyr. Ine, taryha giren 2023-nji ýylyň möhüm wakalaryna göz aýlanymyzda-da, bu gysga döwürde ýurdumyzyň taryhynda öçmez yz galdyran üstünlikleriň gazanylandygyny buýsanç bilen belleýäris. Hökmürowan wagt örän tiz geçýär, täze ýyl üçin maksatlarymyzyň näderejede durmuşa geçendigine doly göz aýlap ýetişmänkäk, eýýäm ýene bir täze ýyl, täze arzuw-maksatlara badalga berenimizi hem duýman galýarys. Edil çasly akýan çeşmeleriň okgunly öňe ilerleýşi, ula goýberilen ýüwrük bedewleriň pellehana tarap misli ganat baglap uçuşlary ýaly, biz ýene döredijilikli ösüşleriň binýadyny tutýarys, täze maksatlara badalga berip, wagty netijeli ulanmaga çalyşýarys. Bu, elbetde, durmuş abadançylygyndan, ýurt asudalygyndan nyşan. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe her täze ýyly döwrebap atlandyrmak üçin ýylyň şygary yglan edilýär. Täze, 2024-nji ýyl Gahryman Arkadagymyzyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýen kämil goşgusynyň adyny baýdak edinip geldi. Hormatly Prezidentimiz 29-njy dekabrda geçirilen giňişleýin Hökümet mejlisinde Türkmenistanyň Mejlisiniň teklibi bilen, 2024-nji ýylyň nyşanyny tassyklady. Nesip bolsa, ak arzuwlar, beýik maksatlar bilen garşy alnan bu ýyl hem agzybir halkymyz, eziz Diýarymyz üçi

Joşgunly ýyla dowamat

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylymyz şowly gadamlaradyr döredijilik üstünliklerine baý ýyllaryň biri boldy. Ýaşlara döwrebap bilim bermek, hünär öwretmek bilen birlikde, milli aýdymsaz sungatymyzyň ajaýyp nusgalaryny gaýtadan işläp, diňleýjilerimize ýetirýäris. Ýakynda biz öz toparymyz bolup, ussat sazanda kompozitor Ýagmyr Nurgeldiýewiň döreden «Pyragy» sazyny halypalarymyzyň goldamagy bilen täzeden işledik. Dutar bilen birlikde klawiş, fleýta ýaly saz gurallary goşulyp işlenen bu saz biziň Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza hemde külli türkmen halkymyza Täze ýyl sowgadymyz boldy.

Nesil terbiýesi bagtly geljegiň binýadydyr

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeleriň her biri hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen üstünlikli durmuşa geçirilýär. Nesil terbiýesi döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup, bagtly geljegimizi üpjün etmegi maksat edinýär. Umumadamzat gymmatlyklarynyň iň naýbaşylaryny özünde jemleýän nesliň kemala gelmegi üçin dünýä derejesinde, milli ruhda bilim-terbiýe bermek, beden we ruhy taýdan sagdyn nesilleri ösdürip ýetişdirmek baş wezipe bolup öňe çykýar. Ata Watanymyzyň nurly geljegi bolan ylymly, bilimli, terbiýeli, sagdyn ruhly, edepli, ýokary ahlakly şahsyýetleri kemala getirmek bolsa bilim ulgamynyň işgärleriniň, mugallymlaryň, - biziň her birimiziň mukaddes borjumyzdyr. Ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdeplerinde beýleki okuw dersleri bilen bir hatarda, hemmetaraplaýyn bilimli, sowatly, terbiýeli şahsyýetleri kemala getirmekde başlangyç synp mugallymlarynyň hem orny uludyr. Okuwçylara watançylyk, ahlak, gözellik, zähmet terbiýesini bermekde, ata-babalarymyzdan we ene-mamalarymyzdan miras galan el işlerimize - milli gymmatlyklarymyza sarpa goýmakda, tebigatymyzy söýmekde we onuň baýlyklaryny gorap, olara aýawly çemeleşmekde sapakdan daşary geçirilýän terbiýeçilik çäreleriniň ähmiýeti örän uludyr.

Teatrlardan baýramçylyk sowgatlary

Iň ajaýyp baýramlaryň biri bolan Täze ýyl hem ýetip gelýär. Däp bolşy ýaly, baýramçylyk günlerinde ýurdumyzyň teatrlarynyň sahna ussatlary-da öz döredijilik sowgatlary bilen ildeşlerimizi begendirýärler. Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Teatrlar we tomaşa edaralary bölüminden berlen habara salgylanyp, şol günlerde tomaşa jaýlarynda görkeziljek sahna eserleri baradaky maglumatlary okyjylarymyza ýetirmegi makul bildik.

Milli medeniýetiň mertebeli menzilleri

Bagtyýar zamanamyzda her ýyly bellibir şygar bilen atlandyrmak asylly däbe öwrüldi. Munuň özi tutuş ýylymyzy şanly wakalara beslemek bilen, geljekki menzilleriň wezipelerini kesgitlemäge-de oňyn mümkinçilik berýär. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylymyz medeniýet ulgamynda-da buýsançly pursatlara beslendi. 2023-nji ýylyň şanly sahypalaryna Arkadag şäheriniň açylyş dabaralary altyn harplar bilen ýazyldy. Bu ajaýyp şäher açylan gününden medeni çäreleriň geçirilýän mekanyna öwrüldi.

Ýyldan serpaýly ýaşlar

Guwançmyrat ALLANAZAROW, Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynyň 1-nji derejeli artisti: — Döredijilik adamsy hökmünde on bäş ýyldan gowrak wagt bäri zähmet çekip gelýärin. Teleýaýlymlarda goýberilýän milli äheňli şekilli aýdymlaryň 500-den gowragyna, telefilmleriň 10-dan gowragyna režissýorlyk etmegim, teatrda goýulýan oýunlary sahnalaşdyrmagym, döwlet çäreleriniň ýokary derejede guramaçylykly geçirilmegine goşýan goşandym üçin hormatly Prezidentimiziň Şa serpaýyna — «Watana bolan söýgüsi üçin» medalyna mynasyp boldum. Şu günler hem Täze ýyl baýramyna bagyşlanan «Yşyk» atly telefilmi ýaýlyma goýbermegiň üstünde zähmet çekýäris. Türkmen sungatynyň hak howandary Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza ýürekden hoşallygymyzy aýdýarys.

Döwürdeş şahyrlarymyza üç sowal

1. Täze ýyly garşylaýşyňyz? 2. Tamamlap ýetişmedik, indiki ýyla galan eseriňiz barmy?

Kewini türkmençe gürleden

«Ýeke özi öýde» atly amerikan çeper filmi indi 30 ýyldan gowrak wagt bäri her Täze ýyl baýramynda millionlary «mawy ekrana» baglaýar. Bu filmiň baş gahrymany Kewin atly oglanjygyň keşbiniň türkmen kino muşdaklarynyň arasynda meşhurlyk gazanmagyna diňe bir Makoleý Kalkiniň ussatlygy däl, eýsem, Kewini türkmençe gürleden zehinli sahna ussady Maýagül Annaýewanyň hem tagallasynyň bardygyny nygtamak isleýäris. Bu barada has giňişleýin gürrüň etmek üçin Türkmenistanyň at gazanan artisti Maýagül Annaýewa bilen söhbetdeş bolmagy makul bildik. — Söhbedimizi şu film bilen baglanyşykly wakalardan başlaýaly.

Sport: suratdan - söz sungatyna

«Türkmenistan Sport», № 4 (20), 2023 (çe­per-pub­li­sis­tik keşp­le­ýin oý­lan­ma)

Sazyň ýodasyndan — aýdymyň ýoluna

Bu saz guralyň özboluşly dünýäsi bar, ony çalýanlaryň hem... Käbir saz öwrenijileriň aýtmagyna görä, bu ugruň sazandalarynyň aglabasy öz çalyp duran sazy, durky-düýrmegi bilen ruhy barlyga girýärler, olar üçin wagt diýen düşünje manysyny ýitirýär, olar başga bir hyýaly dünýä aralaşýarlar. Ýöne bir toslama ýaly görünse-de, bu ynsanyýetiň hakykaty. Paganini, Wiwaldi, Kreýsler... ýaly ägirtleriň döreden sazlaryny bir diňläp gör, bu aýdylýany ikelläp makullajagyň ikuçsuz bolar. Bu skripkanyň güýji ýa-da başgaçalap, has ulaltma bilen aýtsak, gudraty. Skripkanyň şol jadyly dünýäsine aralaşýan sazanda duýgularyny aýdym bilen beýan etse, nähili täsinlik dörejek?! Ony diňlemeseň duýup bolmaz. Eger bu sowal gyzyklandyrýan bolsa, Leýli Mämmedowanyň aýdymyny diňläp göräýiň. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgüniň Döwlet hor toparynyň birinji derejeli aýdymçysynyň aýdym dünýäsi skripkanyň kirişlerinden başlap, ondan çykýan täsin sazlaryň tembrinden hoş owaza öwrülip, göwünlere ýol ýasady. Aslynda, ine, täsin ýeri nämede eken?! Skripka adamyň sesine kybap gelýän, oňa çalymdaş iň ýakyn saz guraly hasap edilýär. Onsoň, ynsan kalbynyň töründen gelýän sazyň aýdyma öwrülmegi geň däl. Ol sesiň saz äheňinde bolmagy hem geň galdyrmaýar.

Sungatyň perwanasy

Teatr artisti öz döredýän keşpleri bilen il içinde basym tanalýar. Oýny goýan režissýoryň welin, sahnanyň arka ýüzünde galaýýan halatlary-da bolýar. Sahna oýunlarynyň otuza golaýyna režissýorlyk eden Urmatkany welin, köpler tanaýar. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda paýtagtymyzda geçirilen «Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly IV halkara festiwaly ussat režissýory diňe türkmen halkyna däl, eýsem, doganlyk halklara-da tanatdy. Türkmen topragynda geçirilen teatr sungatynyň dabaraly toýunda Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky Döwlet drama teatrynyň režissýory Urmatkan Meläýewanyň Gyrgyzystanyň teatr ussatlary bilen bilelikde taýýarlan «Magtymguly Pyragy» atly sahna oýny hem görkezildi. Sebitde deňsiz-taýsyz Arkadag şäheriniň Aman Gulmämmedow adyndaky Döwlet drama teatrynyň giň we ýagty zalyny dolduran tomaşaçylar bu sahna oýnuny gyzgyn el çarpyşmalar bilen garşy aldylar. Ýatda galan şol ýakymly pursatlarda bize-de režissýor zenan bilen söhbetdeş bolup, şatlygyny paýlaşmak miýesser etdi.

Öňdebaryjy ýaşlar sylaglanyldy

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda islendik ugurda ýaşlara bildirilen ynam artdy, netijede bolsa, ýaşlaryň dünýä derejesindäki üstünlikleri has ýokarlandy. Ýaşlar ýylynyň jemleri mynasybetli 27-nji dekabrda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda halkara ylmy-amaly maslahaty we sergisi öz işine başlady. Onuň çäklerinde Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda zähmetde we döredijilikde aýratyn tapawutlanan ýaşlara döwlet sylaglarynyň gowşurylyş dabarasy bolup geçdi. Bu ajaýyp çärede ýurdumyzda hem-de daşary ýurtlarda geçirilen halkara sport ýaryşlarynda, mekdep okuwçylarynyň olimpiadalarynda, talyp ýaşlaryň bäsleşiklerinde ýeňiji bolanlaryň, şeýle hem ykdysadyýetiň dürli ugurlarynda zähmet çekip, ýurdumyzyň ösüşine mynasyp goşant goşan ýaşlaryň gazanan üstünlikleriniň jemleri jemlenildi. Ýylyň dowamynda ýokary zähmet üstünliklerini gaznan käbir ýaşlar Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglandy. Halkara ylmy-amaly maslahatda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlaryň arasynda yglan edilen «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly döredijilik bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy bolup geçdi. Magtymguly Pyragynyň baý edebi mirasyny dünýä ýaýmak, ýaşlaryň döredijilik ýoluny kämille

Ajaýyp baýramçylyk sowgady

Täze ýyl baýramynyň ýokary ruhubelentlikde, şatlyk-şowhun bilen garşylanýan häzirki günlerinde, Diýarymyzyň çar künjünde bolşy ýaly, welaýatymyzda hem dürli mazmunly baýramçylyk çäreleri biri-birine ulaşýar. Welaýat döwlet drama teatrynyň baýramçylyk öwüşginleri bilen sazlaşýan ajaýyp sahnasynda iki günläp dowam eden «Gülki sowgady» atly degişme oýny, welaýatymyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň, welaýat ýörite sungat mekdebiniň talyplarynyň ýerine ýetiren aýdym-sazlary, tanslary şeýle çäreleriň üstüni ýetirip, tomaşaçylaryň baýramçylyk ruhuny has-da belende göterdi. Teatryň artistleri Arslan Mämmetgulyýewiň, Rusdam Arazmämmedowyň, Berdi Berdiýewiň, Bäşim Ataýewiň, Arslan Hojagurbanowyň ýerine ýetiren degişme sahnalary tomaşaçylara ýatdan çykmajak pursatlary peşgeş berdi. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylyny, ösüşlere beslenýän döwrümizi, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň dünýäde uly goldawa eýe bolýan beýik tutumlaryny, Täze ýyly wasp edýän joşgunly aýdym-sazlar tomaşaçylara ajaýyp baýramçylyk sowgady boldy. «Bagtyýarlyk» hem-de «Dehistan» aýdym-tans we folklor etnografiýa toparlarynyň ýerine ýetiren milli tanslary şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylandy. Aýazbabadyr Garpamygyň gatnaşmagynda geçirilen baýramçylyk çäresinde çykyş eden medeniýet we sungat ussatlary türkmen medeniýetini, sungatyny ösdürmekde, adamlaryň medeniýetli dynç almaklary üçin ä

Uly çille – synag döwri

Dünýäniň iň gadymy halklarynyň biri hasaplanýan türkmen halky öz ýaşap gelýän bäş müňýyllyk döwrüniň içinde özboluşly milli ýörelgeleri, däp-dessurlary, edim-gylymlary, hasap-hesipleri bilen beýleki milletlerden we halkyýetlerden düýpli tapawutlanypdyr. Halkymyzyň Aý—Gün senenamasy bilen baglanyşykly ýöredýän hasap-hesibi munuň aýdyň subutnamasydyr. Köp ýyllaryň dowamynda özleriniň öte synçylygy netijesinde toplan tejribesine salgylanyp, ata-babalarymyz ýylyň möwsümlerini Nowruz, Ülker, Aralyk, Üçýyldyz, Ýaldyrak, Mizan, Akrap, Garagyş, Uly çille, Kiçi çille, Çarwa nowruzy diýen ýaly döwürlere bölüp atlandyrypdyrlar. Çünki bu döwürleriň her birinde tebigatda bolup geçýän üýtgeşmeler ekerançylaryň, maldarlaryň, bagbanlaryň, ýaşaýjylaryň, mahlasy, her bir adamyň häsiýetli aýratynlyklaryny nazara alyp, bolup biläýjek kynçylyklary belli bir derejede ýeňilleşdirmek bilen, ýüze çykaýmagy ähtimal säwlikleriň, nogsanlyklaryň öňüni almaga ýakyndan ýardam edipdir. Şonuň üçin Aý-Gün senenamasy (kähalatlarda Ýyldyz senenamasy) asyrdan asyra, nesilden nesle geçip, biziň günlerimize gelip ýetipdir. Şeýle bolansoň, häzirki döwürde hem ähmiýeti kiçi-girim bolmadyk bu senenamanyň dowam edip duran Uly çille döwri bilen baglanyşykly öz bilýänlerini gazetiň okyjylaryna aýdyp bermegi haýyş edip, Mary şäheriniň ýaşaýjysy, mirasgär Çerkez Allajykowa ýüz tutduk. Şonda ol bize şeýle gürrüň berdi: — Uly

Arkadag şäherinde täze ýyl

Ähli zatda «ilkinjiler» ýatda galyjy bolýar. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň 29-njy iýunynda ilkinji tapgyry açylyp ulanmaga berlen sebitde ilkinji «akylly» şäher Arkadagyň şatlyk-şowhunly dabaralarynyň ýakymly täsirleri entek-entekler ýatdan çykar öýdemizok. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen gurluşygy ýaýbaňlandyrylan we häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ikinji tapgyrynyň gurluşygy üstünlikli dowam edýän döwrebap şäherde ilkinji gezek geçirilen futbol ýaryşyny, ilkinji gezek görkezilen sahna we sirk oýunlaryny, ilkinji gezek geçirilen «Arkadagyň säheri» atly halkara kinowestiwalyny, ilkinji gezek geçirilen «Ýylyň parlak ýyldyzy» bäsleşiginiň jemleýji tapgyryny... bu şäheriň bagtyýar ýaşaýjylarydyr myhmanlary hiç mahal unutmasalar gerek. 15-nji dekabrda, ýagny «Älem» medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki giň meýdançada ýurdumyzyň Baş arçasynyň yşyklarynyň şugla saçan güni döwrebap innowasiýalar bilen enjamlaşdyrylyp gurlan Arkadagly ýaşaýjylar hem şäheriň baýramçylyk meýdançasyndaky baş arçanyň birinji gezek nurana öwüşginde ýalkym saçyşynyň ilkinji şaýatlary boldular.

Täze ýyla badalga

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly ösüşdir özgertmeleri bilen halkymyza ruhy galkynyşy bagyş edip, günleri taryhy pursatlara besläp, tamamlanyp barýar. Bu ýyl, turuwbaşdan, kämillik ýoluna gadam goýan türkmenistanly ýaşlaryň dürli ugurlardan ukyp-başarnyklaryny açan, olaryň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilen senesi boldy. Çünki ata Watany söýmekde we oňa ak ýürekden hyzmat etmekde Arkadagly Gahryman Serdarymyzy nusgalyk göreldesine öwren ýaşlar türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzy Baş halypasy hasaplaýarlar. Bildirilýän ynamy zähmet üstünlikleri, dürli ugurlar boýunça halkara, sebitara we dünýä derejesinde geçirilýän ýokary derejeli bäsleşiklerde, olimpiadalarda, ýaryşlarda gazanýan ýeňişleri bilen ödeýän ýaşlaryň kalbyny bu ýyl ýakymly ýatlamalaryna gurşady. Şu ýylyň dowamynda sebitde ilkinji döwrebap «akylly» şäheriň birinji tapgyrynyň gurlup tamamlanmagyna işjeň gatnaşan ýaşlar ony ýaşlygyň mekany hökmünde dünýä äşgär etdiler.

Täze ýyl arzuwlary

* Täze ýylyňyz gutly bolsun! Goý geljek 2024-nji ýyl iň ýagty durmuşyň, iň uly üstünlikleriň, iň belent mertebeleriň gapysyny açsyn! * Her ýyl bize ýagşy ýatlamalardyr durmuş tejribesini bagyş edýär. Balyk ýyly hem sizi ykbalyňyzda ýatdan çykmajak bagtly pursatlaryň ummanynda ýüzdürsin!