Arkadag şäherinde täze ýyl

26 Dekabr 2023
457

Ähli zatda «ilkinjiler» ýatda galyjy bolýar. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň 29-njy iýunynda ilkinji tapgyry açylyp ulanmaga berlen sebitde ilkinji «akylly» şäher Arkadagyň şatlyk-şowhunly dabaralarynyň ýakymly täsirleri entek-entekler ýatdan çykar öýdemizok. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen gurluşygy ýaýbaňlandyrylan we häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ikinji tapgyrynyň gurluşygy üstünlikli dowam edýän döwrebap şäherde ilkinji gezek geçirilen futbol ýaryşyny, ilkinji gezek görkezilen sahna we sirk oýunlaryny, ilkinji gezek geçirilen «Arkadagyň säheri» atly halkara kinowestiwalyny, ilkinji gezek geçirilen «Ýylyň parlak ýyldyzy» bäsleşiginiň jemleýji tapgyryny... bu şäheriň bagtyýar ýaşaýjylarydyr myhmanlary hiç mahal unutmasalar gerek.

15-nji dekabrda, ýagny «Älem» medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki giň meýdançada ýurdumyzyň Baş arçasynyň yşyklarynyň şugla saçan güni döwrebap innowasiýalar bilen enjamlaşdyrylyp gurlan Arkadagly ýaşaýjylar hem şäheriň baýramçylyk meýdançasyndaky baş arçanyň birinji gezek nurana öwüşginde ýalkym saçyşynyň ilkinji şaýatlary boldular.

«Türkmen dünýäsi».