Öňdebaryjy ýaşlar sylaglanyldy

27 Dekabr 2023
493

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda islendik ugurda ýaşlara bildirilen ynam artdy, netijede bolsa, ýaşlaryň dünýä derejesindäki üstünlikleri has ýokarlandy. Ýaşlar ýylynyň jemleri mynasybetli 27-nji dekabrda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda halkara ylmy-amaly maslahaty we sergisi öz işine başlady. Onuň çäklerinde Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda zähmetde we döredijilikde aýratyn tapawutlanan ýaşlara döwlet sylaglarynyň gowşurylyş dabarasy bolup geçdi. Bu ajaýyp çärede ýurdumyzda hem-de daşary ýurtlarda geçirilen halkara sport ýaryşlarynda, mekdep okuwçylarynyň olimpiadalarynda, talyp ýaşlaryň bäsleşiklerinde ýeňiji bolanlaryň, şeýle hem ykdysadyýetiň dürli ugurlarynda zähmet çekip, ýurdumyzyň ösüşine mynasyp goşant goşan ýaşlaryň gazanan üstünlikleriniň jemleri jemlenildi. Ýylyň dowamynda ýokary zähmet üstünliklerini gaznan käbir ýaşlar Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglandy.

Halkara ylmy-amaly maslahatda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlaryň arasynda yglan edilen «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly döredijilik bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy bolup geçdi. Magtymguly Pyragynyň baý edebi mirasyny dünýä ýaýmak, ýaşlaryň döredijilik ýoluny kämilleşdirmek maksady bilen geçirilen bäsleşigiň ýeňijilerine Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we pul baýragy gowşuryldy. Akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň döredijilik dünýäsi ýaşlar üçin bahasyna ýetip bolmajak ruhy hazyna. Munuň şeýledigini biz Gahryman Arkadagymyzyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly şygrynda anyk görüp bilýäris. Ýylyň jemlenýän günlerinde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň zyýada zehininden dörän «Ýaşlar ‒ Watanyň daýanjy» kitabynyň çapdan çykmagy hem ýaş nesilleriň ylham dünýäsini has joşdurdy. Ýokary derejede geçirilen forumda Gahryman Arkadagymyzyň Watanyň geljegi hökmünde garaýan ýaşlaryna hormatly Prezidentimiziň adyndan sylaglaryň gowşurylmagy bagtyýarlygyň aýdyň nyşany bolup durýar.

Ýörite habarçymyz.