Döretmegiň ýoly bilen

3 Ýanwar 2024
373

Ýakynda paýtagtymyzda ýerleşýän Nebitgaz toplumynyň medeni-işewürlik merkezinde Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň guramagynda «Arkadagly Gahryman Serdarly bagtyýar ýaşlar Watanymyzyň kuwwaty» atly hoşallyk maslahaty geçirildi. Maslahat Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda üstünlikli geçirilen ýaşlaryň halkara ylmy-amaly maslahatynyň we sergisiniň jemlerine bagyşlanyldy.

Bilşimiz ýaly, tamamlanan 2023-nji ýyl ýurdumyzyň bagtyýar ýaşlarynyň durmuşynda köpsanly ajaýyp wakalara, unudylmajak pursatlara baý boldy. Ýaşlaryň halkara ylmy-amaly maslahaty we sergisi hem ata Watanymyzda barha rowaçlanýan Ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň netijesinde ylymly-bilimli nesliň gazanan köpugurly üstünliklerini giňişleýin açyp görkezmekde ähmiýetli orun eýeledi. Ýylyň dowamynda, okuwda, döredijilikli zähmetde tapawutlanan ýaşlara döwlet sylaglarynyň, gymmat bahaly sowgatlaryň gowşurylmagy bolsa hormatly Prezidentimiziň ýaşlara bildirýän belent ynamynyň aýdyň subutnamasyna öwrüldi. Hoşallyk maslahatynda çykyş edenler bular hakynda giňişleýin gürrüň etdiler. Dabaranyň dowamynda halkymyza, ýaş nesillere şeýle eşretli durmuşda ýaşamaga, okamaga, öwrenmäge ähli mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Prezidentimize, Gahryman Arkadagymyza alkyş sözleri aýdyldy.

Ýörite habarçymyz.