Ruhy kökler — täze menzilleriň başlangyjy

2 Ýanwar 2024
483

Bellibir senelerde geçen günleriň wakalaryna göz aýlap, şol döwrüň taryhyň nazaryýetinde nähili yz galdyrandygyna syn bermek, täze menzillere ýelken açmak däp bolup galypdyr. Ine, taryha giren 2023-nji ýylyň möhüm wakalaryna göz aýlanymyzda-da, bu gysga döwürde ýurdumyzyň taryhynda öçmez yz galdyran üstünlikleriň gazanylandygyny buýsanç bilen belleýäris. Hökmürowan wagt örän tiz geçýär, täze ýyl üçin maksatlarymyzyň näderejede durmuşa geçendigine doly göz aýlap ýetişmänkäk, eýýäm ýene bir täze ýyl, täze arzuw-maksatlara badalga berenimizi hem duýman galýarys. Edil çasly akýan çeşmeleriň okgunly öňe ilerleýşi, ula goýberilen ýüwrük bedewleriň pellehana tarap misli ganat baglap uçuşlary ýaly, biz ýene döredijilikli ösüşleriň binýadyny tutýarys, täze maksatlara badalga berip, wagty netijeli ulanmaga çalyşýarys. Bu, elbetde, durmuş abadançylygyndan, ýurt asudalygyndan nyşan.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe her täze ýyly döwrebap atlandyrmak üçin ýylyň şygary yglan edilýär. Täze, 2024-nji ýyl Gahryman Arkadagymyzyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýen kämil goşgusynyň adyny baýdak edinip geldi. Hormatly Prezidentimiz 29-njy dekabrda geçirilen giňişleýin Hökümet mejlisinde Türkmenistanyň Mejlisiniň teklibi bilen, 2024-nji ýylyň nyşanyny tassyklady. Nesip bolsa, ak arzuwlar, beýik maksatlar bilen garşy alnan bu ýyl hem agzybir halkymyz, eziz Diýarymyz üçin täze üstünlikleriň ýyly bolar.

Oguljemal NURMYRADOWA,
«Ahal durmuşy».