Gadymy Amulyň gymmatlyklary

3 Ýanwar 2024
424

Türkmen halky müňýyllyklara uzaýan baý taryha we medeni mirasa eýedir. Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde ajaýyp döwrümizde bu gymmatlyklarymyz aýawly saklanylýar, dikeldilýär, täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar. Taryhymyzy, medeni mirasymyzy çuňňur öwrenmek, gorap saklamak babatynda edilýän işler asyrlaryň dowamynda kämilleşdirilip gelnen mukaddesliklerimiziň täzeden dikeldilip, halkymyza ýetirilmegine iňňän uly täsirini ýetirýär.

Halkymyzyň taryhynda öçmejek yz galdyran gadymy Amul galasynyň döreýiş taryhy hem hemmelerde uly gyzyklanma döredýär. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynda bu şäheriň irki döwürlerde söwda kerwenleriniň geçmeginde görnükli orny eýeländigi, bu ýerde senetçiligiň ösendigi taryhy maglumatlaryň üsti bilen giňden beýan edilýär. Galada alymlar tarapyndan ylmy-barlag işleri geçirilýär. Geçen ýyllarda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň baş ylmy işgäri N.Bäşimowanyň ýolbaşçylygynda Amul galasynda arheologik gazuw-agtaryş işleriniň geçirilmegi bolsa gadymy galanyň taryhyny çuňňur öwrenmeklige ýardam etdi. Ýadygärlikde dürli döwürlerde gazuw-agtaryş işleri geçirilende, toýun we keramika küýzeler, gap-gaçlar, gurluşyk serişdeleri, kerpiçler, çüýşe önümleri, teňňeler tapyldy. Kerki taryhy-medeni döwlet goraghanasynyň hünärmenleriniň alyp baran dikeldiş işleriniň netijesinde Amul galasynyň başky durkunyň inedördül görnüşde bolandygy, ýykylan görnüşindäki taraplarynyň uzynlygynyň günortadan-demirgazyga 240 metre, gündogardan-günbatara 310 metre deňdigi anyklanyldy. Galanyň demirgazyk-günbatar diwarlary şäheriň demirgazyk böleginde ýerleşýän Erkgala birigip, ol Amulyň gadymy şäher harabalygynyň iň belent nokady bolandygyny we umumy meýdanynyň 7,5 gektara golaýdygyny äşgär edýär. Barlaglaryň dowamynda galanyň goranyş diwarlarynda we gorag diňleriniň gurluşygynda, esasan, pagsa, çig kerpiçleriň has köp ulanylandygy ýüze çykaryldy.

Ogulgerek AGAJANOWA,
welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň uly ylmy işgäri, ilkinji zenanlar guramasynyň agzasy.