Päk zähmete sarpa

3 Ýanwar 2024
470

Ýakynda Aşgabat şäher häkimliginiň Mejlisler zalynda Türkmenistanyň Gurluşyk we senagat toplumynyň hem-de Aşgabat şäher häkimliginiň işgärlerine gymmat bahaly sowgatlaryň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Onda Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda döredijilikli zähmet çekip tapawutlanan öňdebaryjy ýaşlaryň ençemesine hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Şeýle ajaýyp günde Şa serpaýyna mynasyp bolan ýaşlaryň birnäçesi hoşallyk sözleri bilen çykyş etdiler. Olar Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ýurdumyzda barha dabaralanýan Ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň uly üstünliklere beslenendigini aýratyn belläp, ýaşlara okamaga, öwrenmäge, döredijilikli zähmet çekmäge giň gerimli mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Prezidentimize, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza çäksiz alkyş sözlerini aýtdylar. Dabaranyň dowamynda baýramçylyk çykyşlary hem guraldy. Sungat ussatlarynyň eziz Watanymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan beýik işlerini wasp edýän aýdym-sazlary belentden ýaňlandy.

Ýörite habarçymyz.