Sazyň ýodasyndan — aýdymyň ýoluna

28 Dekabr 2023
1023

Bu saz guralyň özboluşly dünýäsi bar, ony çalýanlaryň hem... Käbir saz öwrenijileriň aýtmagyna görä, bu ugruň sazandalarynyň aglabasy öz çalyp duran sazy, durky-düýrmegi bilen ruhy barlyga girýärler, olar üçin wagt diýen düşünje manysyny ýitirýär, olar başga bir hyýaly dünýä aralaşýarlar. Ýöne bir toslama ýaly görünse-de, bu ynsanyýetiň hakykaty. Paganini, Wiwaldi, Kreýsler... ýaly ägirtleriň döreden sazlaryny bir diňläp gör, bu aýdylýany ikelläp makullajagyň ikuçsuz bolar. Bu skripkanyň güýji ýa-da başgaçalap, has ulaltma bilen aýtsak, gudraty. Skripkanyň şol jadyly dünýäsine aralaşýan sazanda duýgularyny aýdym bilen beýan etse, nähili täsinlik dörejek?! Ony diňlemeseň duýup bolmaz. Eger bu sowal gyzyklandyrýan bolsa, Leýli Mämmedowanyň aýdymyny diňläp göräýiň.

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgüniň Döwlet hor toparynyň birinji derejeli aýdymçysynyň aýdym dünýäsi skripkanyň kirişlerinden başlap, ondan çykýan täsin sazlaryň tembrinden hoş owaza öwrülip, göwünlere ýol ýasady. Aslynda, ine, täsin ýeri nämede eken?! Skripka adamyň sesine kybap gelýän, oňa çalymdaş iň ýakyn saz guraly hasap edilýär. Onsoň, ynsan kalbynyň töründen gelýän sazyň aýdyma öwrülmegi geň däl. Ol sesiň saz äheňinde bolmagy hem geň galdyrmaýar.

Şamyrat MUHAMMETGURBANOW,
«Medeniýet we syýahat» žurnalynyň jogapkär kätibi, žurnalist.