Sungatyň perwanasy

28 Dekabr 2023
878

Teatr artisti öz döredýän keşpleri bilen il içinde basym tanalýar. Oýny goýan režissýoryň welin, sahnanyň arka ýüzünde galaýýan halatlary-da bolýar. Sahna oýunlarynyň otuza golaýyna režissýorlyk eden Urmatkany welin, köpler tanaýar. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda paýtagtymyzda geçirilen «Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly IV halkara festiwaly ussat režissýory diňe türkmen halkyna däl, eýsem, doganlyk halklara-da tanatdy.

Türkmen topragynda geçirilen teatr sungatynyň dabaraly toýunda Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky Döwlet drama teatrynyň režissýory Urmatkan Meläýewanyň Gyrgyzystanyň teatr ussatlary bilen bilelikde taýýarlan «Magtymguly Pyragy» atly sahna oýny hem görkezildi. Sebitde deňsiz-taýsyz Arkadag şäheriniň Aman Gulmämmedow adyndaky Döwlet drama teatrynyň giň we ýagty zalyny dolduran tomaşaçylar bu sahna oýnuny gyzgyn el çarpyşmalar bilen garşy aldylar. Ýatda galan şol ýakymly pursatlarda bize-de režissýor zenan bilen söhbetdeş bolup, şatlygyny paýlaşmak miýesser etdi.

Ýazgül ANNAÝEWA,
«Zenan kalby».