Uly çille – synag döwri

26 Dekabr 2023
396

Dünýäniň iň gadymy halklarynyň biri hasaplanýan türkmen halky öz ýaşap gelýän bäş müňýyllyk döwrüniň içinde özboluşly milli ýörelgeleri, däp-dessurlary, edim-gylymlary, hasap-hesipleri bilen beýleki milletlerden we halkyýetlerden düýpli tapawutlanypdyr. Halkymyzyň Aý—Gün senenamasy bilen baglanyşykly ýöredýän hasap-hesibi munuň aýdyň subutnamasydyr. Köp ýyllaryň dowamynda özleriniň öte synçylygy netijesinde toplan tejribesine salgylanyp, ata-babalarymyz ýylyň möwsümlerini Nowruz, Ülker, Aralyk, Üçýyldyz, Ýaldyrak, Mizan, Akrap, Garagyş, Uly çille, Kiçi çille, Çarwa nowruzy diýen ýaly döwürlere bölüp atlandyrypdyrlar. Çünki bu döwürleriň her birinde tebigatda bolup geçýän üýtgeşmeler ekerançylaryň, maldarlaryň, bagbanlaryň, ýaşaýjylaryň, mahlasy, her bir adamyň häsiýetli aýratynlyklaryny nazara alyp, bolup biläýjek kynçylyklary belli bir derejede ýeňilleşdirmek bilen, ýüze çykaýmagy ähtimal säwlikleriň, nogsanlyklaryň öňüni almaga ýakyndan ýardam edipdir. Şonuň üçin Aý-Gün senenamasy (kähalatlarda Ýyldyz senenamasy) asyrdan asyra, nesilden nesle geçip, biziň günlerimize gelip ýetipdir. Şeýle bolansoň, häzirki döwürde hem ähmiýeti kiçi-girim bolmadyk bu senenamanyň dowam edip duran Uly çille döwri bilen baglanyşykly öz bilýänlerini gazetiň okyjylaryna aýdyp bermegi haýyş edip, Mary şäheriniň ýaşaýjysy, mirasgär Çerkez Allajykowa ýüz tutduk. Şonda ol bize şeýle gürrüň berdi:

— Uly çille gyş paslynyň örküji hasaplanylýar. Ol dekabr aýynyň sekizinden geljek ýylyň ýanwar aýynyň on altysyna çenli döwri öz içine alýar. «Çil» sözi — pars dilinden gelip çykandyr. Ol kyrk diýen manyny berýär. Uly çille sowuk, gardyr ýagynly howasy bilen tapawutlanýan döwürdir. Gyş paslynyň Uly çillesi maljanly adamlaryň, esasan hem, çopan-çoluklaryň aladalarynyň köpelýän we jogapkärçilikleriniň has artýan möwsümidir.

Söhbetdeşligi taýýarlan Allaberdi SAPARGELDIÝEW,
öz habarçymyz.