Ajaýyp baýramçylyk sowgady

27 Dekabr 2023
370

Täze ýyl baýramynyň ýokary ruhubelentlikde, şatlyk-şowhun bilen garşylanýan häzirki günlerinde, Diýarymyzyň çar künjünde bolşy ýaly, welaýatymyzda hem dürli mazmunly baýramçylyk çäreleri biri-birine ulaşýar. Welaýat döwlet drama teatrynyň baýramçylyk öwüşginleri bilen sazlaşýan ajaýyp sahnasynda iki günläp dowam eden «Gülki sowgady» atly degişme oýny, welaýatymyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň, welaýat ýörite sungat mekdebiniň talyplarynyň ýerine ýetiren aýdym-sazlary, tanslary şeýle çäreleriň üstüni ýetirip, tomaşaçylaryň baýramçylyk ruhuny has-da belende göterdi. Teatryň artistleri Arslan Mämmetgulyýewiň, Rusdam Arazmämmedowyň, Berdi Berdiýewiň, Bäşim Ataýewiň, Arslan Hojagurbanowyň ýerine ýetiren degişme sahnalary tomaşaçylara ýatdan çykmajak pursatlary peşgeş berdi. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylyny, ösüşlere beslenýän döwrümizi, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň dünýäde uly goldawa eýe bolýan beýik tutumlaryny, Täze ýyly wasp edýän joşgunly aýdym-sazlar tomaşaçylara ajaýyp baýramçylyk sowgady boldy. «Bagtyýarlyk» hem-de «Dehistan» aýdym-tans we folklor etnografiýa toparlarynyň ýerine ýetiren milli tanslary şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylandy.

Aýazbabadyr Garpamygyň gatnaşmagynda geçirilen baýramçylyk çäresinde çykyş eden medeniýet we sungat ussatlary türkmen medeniýetini, sungatyny ösdürmekde, adamlaryň medeniýetli dynç almaklary üçin ähli şertleri üpjün etmekde döredip berýän mümkinçilikleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimize alkyş sözlerini aýtdylar.

Jennet ORAZOWA.