Täze ýyla badalga

26 Dekabr 2023
510

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly ösüşdir özgertmeleri bilen halkymyza ruhy galkynyşy bagyş edip, günleri taryhy pursatlara besläp, tamamlanyp barýar. Bu ýyl, turuwbaşdan, kämillik ýoluna gadam goýan türkmenistanly ýaşlaryň dürli ugurlardan ukyp-başarnyklaryny açan, olaryň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilen senesi boldy. Çünki ata Watany söýmekde we oňa ak ýürekden hyzmat etmekde Arkadagly Gahryman Serdarymyzy nusgalyk göreldesine öwren ýaşlar türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzy Baş halypasy hasaplaýarlar.

Bildirilýän ynamy zähmet üstünlikleri, dürli ugurlar boýunça halkara, sebitara we dünýä derejesinde geçirilýän ýokary derejeli bäsleşiklerde, olimpiadalarda, ýaryşlarda gazanýan ýeňişleri bilen ödeýän ýaşlaryň kalbyny bu ýyl ýakymly ýatlamalaryna gurşady. Şu ýylyň dowamynda sebitde ilkinji döwrebap «akylly» şäheriň birinji tapgyrynyň gurlup tamamlanmagyna işjeň gatnaşan ýaşlar ony ýaşlygyň mekany hökmünde dünýä äşgär etdiler.

«Türkmen dünýäsi».