Joşgunly ýyla dowamat

2 Ýanwar 2024
409

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylymyz şowly gadamlaradyr döredijilik üstünliklerine baý ýyllaryň biri boldy. Ýaşlara döwrebap bilim bermek, hünär öwretmek bilen birlikde, milli aýdymsaz sungatymyzyň ajaýyp nusgalaryny gaýtadan işläp, diňleýjilerimize ýetirýäris.

Ýakynda biz öz toparymyz bolup, ussat sazanda kompozitor Ýagmyr Nurgeldiýewiň döreden «Pyragy» sazyny halypalarymyzyň goldamagy bilen täzeden işledik. Dutar bilen birlikde klawiş, fleýta ýaly saz gurallary goşulyp işlenen bu saz biziň Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza hemde külli türkmen halkymyza Täze ýyl sowgadymyz boldy.

Aýgül ÝAGŞYÝEWA,
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň uly mugallymy, Türkmenistanyň at gazanan artisti.