Nesil terbiýesi bagtly geljegiň binýadydyr

29 Dekabr 2023
310

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeleriň her biri hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen üstünlikli durmuşa geçirilýär. Nesil terbiýesi döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup, bagtly geljegimizi üpjün etmegi maksat edinýär. Umumadamzat gymmatlyklarynyň iň naýbaşylaryny özünde jemleýän nesliň kemala gelmegi üçin dünýä derejesinde, milli ruhda bilim-terbiýe bermek, beden we ruhy taýdan sagdyn nesilleri ösdürip ýetişdirmek baş wezipe bolup öňe çykýar. Ata Watanymyzyň nurly geljegi bolan ylymly, bilimli, terbiýeli, sagdyn ruhly, edepli, ýokary ahlakly şahsyýetleri kemala getirmek bolsa bilim ulgamynyň işgärleriniň, mugallymlaryň, - biziň her birimiziň mukaddes borjumyzdyr.

Ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdeplerinde beýleki okuw dersleri bilen bir hatarda, hemmetaraplaýyn bilimli, sowatly, terbiýeli şahsyýetleri kemala getirmekde başlangyç synp mugallymlarynyň hem orny uludyr. Okuwçylara watançylyk, ahlak, gözellik, zähmet terbiýesini bermekde, ata-babalarymyzdan we ene-mamalarymyzdan miras galan el işlerimize - milli gymmatlyklarymyza sarpa goýmakda, tebigatymyzy söýmekde we onuň baýlyklaryny gorap, olara aýawly çemeleşmekde sapakdan daşary geçirilýän terbiýeçilik çäreleriniň ähmiýeti örän uludyr.