Газета "Нейтральный Туркменистан"

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-18, 39-95-82, 39-95-88
Email: neytralnyturkmenistan-gazeti@online.tm

Habarlar

«Bir-biregi sarpalap ýaşamaly dünýädir!»

Golaýda Arkadag şäheriniň Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatrynda Ýaşulularyň halkara gününe bagyşlanyp dabaraly çäre geçirildi. Bu çärä Arkadag şäheriniň ak sakgally ýaşululary, kümüş saçly eneleri hem-de Arkadag şäheriniň Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatrynyň artistleri, bagşy-sazandalar gatnaşdylar.

Il-halkyň bir iş tutsa...

Mähriban halkymyz hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň ykbalyna nur çaýan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk şanly baýramçylygyny uludan belledi. Halkymyz uly joşguna beslenen bu nurana baýramçylyga her ýyl sabyrsyzlyk bilen garaşýar. Mukaddes Garaşsyzlyk, onuň taryhy ähmiýeti hakynda gürrüň gozgalanda, Gahryman Arkadagymyzyň aýdan çuň manyly sözleri hakydaňa gelýär: «Ýurdumyzyň Garaşsyzlyk ýyllary içinde adamlaryň dünýägaraýşy hem özgerdi we has kämilleşdi. Olar erkin we özbaşdak durmuşyň hözirini görüp ýaşaýarlar. Garaşsyzlygyň olara näme berýändigini we geljekde näme berjekdigini, öz ykbalyna nähili täsir etjekdigini duýdular». Mukaddes Garaşsyzlyk baýramçylygynyň öňüsyrasynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi ýurdumyzyň mundan beýläkki ösüşlerinde möhüm ähmiýete eýe boldy. Ýurdumyzda halk hojalygynyň ulgamlarynyň öňünde durýan möhüm wezipeler kesgitlendi, il-ýurt ähmiýetli çözgütler kabul edildi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň çuň parasata ýugrulan döwlet syýasatynyň netijesinde mähriban halkymyz bu ýyl hem şanly Garaşsyzlyk baýramçylygyna syýasy, ykdysady, medeni ulgamlarda gazanan ägirt uly üstünliklerini, bitiren beýik işlerini peşgeş etdi. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen ata Watanymyz jahanda çalt ösýän

Döwletlilikden nyşan

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda eziz Diýarymyzyň döwlet Garaşsyzlygynyň şanly 33 ýyllyk toýy uly zähmet üstünlikleri bilen baýram edildi. Ýurdumyzyň baş baýramynyň dabaraly bellenilýän günleriniň öňüsyrasynda, döwletliligiň, agzybirligiň, jebisligiň, erkinligiň nyşany bolan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Halk Maslahaty Garaşsyz döwletimiziň syýasy, ykdysady, jemgyýetçilik, medeni taýdan berkitmek ugrunda esasy sütünleriň biri bolup, döwlet bilen halkyň bitewüliginiň subutnamasydyr. Bu maslahat döwletli maslahat boldy, halkymyzyň bagtyýar durmuşy üçin gönükdirilen möhüm çözgütler kabul edildi. Milli Liderimiziň çykyşynda milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryny ösdürmek, ýokary we ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalara esaslanýan gaýtadan işleýän önümçilik pudaklaryny ösdürmek, ylym, bilim, medeniýet ulgamlaryny kämilleşdirmek, aň-bilim işine gyzyklanmany ýokarlandyrmak babatda öňde goýan wezipeleri ýurdumyzyň geljekki ösüşleriniň binýadyny pugtalandyrar. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde kabul edilen taryhy Kararlardyr çözgütler bolsa bizi ýaşlara döwrüň talabyna görä bilim bermäge, has netijeli zähmet çekmäge ruhlandyrýar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň raýatlaryň eşretli ýaşaýşy, Watanymyzyň gülläp ösüşi ugrunda edýän taýsyz tagallalaryny tüýs ýürekden goldaýarys. Şeýle bagta eýe edendigi

Täzelikler

«Lebapgallaönümleri» önümçilik birleşiginde bugdaýy gaýtadan işläp, ondan zerur önümleri öndürmekde netijeli işler alnyp barylýar. Bu ýerde şu ýylyň başyndan bäri bugdaý ununyň jemi 27 müň 500 tonnadan gowragy öndürildi. Geçen döwürde kärhana boýunça ýarmanyň 650 tonnasy, kepegiň 8 ýarym müň tonnadan gowragy, tüwiniň bolsa 10 müň 300 tonna golaýy öndürildi. Bu bolsa geçen ýylyň degişli döwründäki görkezijilerden ep-esli artykdyr.

Görki gülden nurana

Hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalaryndan, döwletli tutumlaryndan ugur alnyp, eziz Watanymyzyň ýüregi, ak mermerden bina bolan merjen paýtagtymyzy mundan beýläk hem ösdürmek, kämilleşdirmek ugrunda beýik işler durmuşa geçirilýär. Häzirki wagtda ak şäherimiz Aşgabadyň çägini köpugurly şähergurluşyk-binagärlik maksatnamalary esasynda bina edilýän desgalaryň gurluşyk işleri gurşap aldy. Olaryň birnäçesiniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygary astynda geçýän ýylymyzda ýakynda uly şatlyk-şowhun bilen bellenilen mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda dabaraly ýagdaýda ulanylmaga berilmegi bolsa bagtyýar halkymyza ajaýyp toý sowgady boldy. Özüniň ençeme desgalarynyň binagärlik aýratynlyklary bilen Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyndan orun alan mähriban paýtagtymyzyň her bir binasy, şaýollarydyr köçeleri, goýry kölegeli, belent başly gür baglyga bürenip oturan seýranly seýilgähleri, şirin owazly suw çüwdürimleri, nurana gijelerini gündizlik deýin aýdyňladýan yşyklandyryş ulgamy özüniň kämilligi, gözelligi bilen haýran galdyrýar. Aşgabadyň görkana keşbinde häzirki zamanyň ösen şäheriniň döwrebap nusgasynyň milli binagärlik aýratynlyklary bilen kämil derejede sazlaşandygy bolsa halkymyzyň mähriban paýtagtymyza guwanjyny, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüne, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan b

Ýurdumyzyň we dünýäniň abadançylygynyň hatyrasyna

Geçen hepdede geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi, garaşylyşy ýaly, il-ýurt bähbitli netijelere baý boldy. Döwletli geňeşiň dowamynda hormatly Prezidentimiziň gol çeken resminamalary ýurdumyzda ösüşiň täze ugurlaryny kesgitleýär. Şu ýazgylarymyzda şol resminamalaryň ähmiýetine ünsüňizi çekmek isleýäris. Ýaşaýşyň goşa sütüni

Zähmet çekseň, rehnedi bar

Bu günler Sapargül ejäni ideýän adamlar adatdaky günlerden has köp. Sebäbi ol Garaşsyzlyk baýramymyzyň 33 ýyllygy mynasybetli hormatly Prezidentimiziň gol çeken Permanyna laýyklykda Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» diýen medalyna mynasyp boldy. Uzakdan-ýakyndan tanyş-bilişleri durmuşyndaky ýatdan çykmajak şatlykly waka bilen ony gyzgyn gutlaýarlar. Biziňem gutlaglarymyz ýakymly pursatlaryň dowamy boldy. Söhbedimiz gyzyşyp gitdi. Zähmetinden hormata ýeten zenan söhbediniň başyny hormatly Prezidentimize tüýs ýüreginden çogup çykýan alkyşlaryndan başlady. Päk kalpdan çykýan sözlerde daýhan zenanyň sada kalby, zähmetsöýerligi, hoşgöwünli ynsana mahsus bolan ähli ajaýyp häsiýet-sypatlary edil aýnada gören ýalydy.

Il alkyşy — uly serpaý

Bu gezekki söhbetdeşimiziň uzak ýyllara daýanýan zähmet ýoly we tejribe gory onuň agramly sözlerinden hem, agras keşbinden hem görnüp dur. Durmuş ýolunda ýüzlerçe adamyň saglygynyň berkemegine sebäp bolan welaýat köpugurly hassahanasynyň lukmany Parhat Şükürow alkyş eýesi. Mundan sekiz ýyl ozal Gahryman Arkadagymyzyň gol çeken resminamasy esasynda ol Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» diýen medal bilen sylaglanyldy. Sanlyja günlerden ýene nobatdaky gezek hünär baýramyny garşylajak lukman geçen asyryň segseninji ýyllaryndan bäri bu käriň jümmüşinde. Ol baryp 1986-njy ýylda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň gapysyndan ätläpdi. 1995-nji ýylda ýokary okuw mekdebini üstünlikli tamamlan lukman şondan bäri halkyň hyzmatynda.

Mertligiň mertebeli mekdebi

Parasatly pederlerimiziň ata Watanymyzy, ene topragymyzy söýmekde we gözüň göreji deýin goramakda görkezen edermenlikleri, gahrymançylyklary, taryhymyzyň şöhratly seneleri bilen baglanyşykly wakalaryň täsiri halkymyzyň hakydasynda ebedi ýaşaýar. Watanyň garaşsyzlygy, halkyň agzybirligi we parahat durmuş ugrunda döş geren şöhratly pederlerimiziň geçen taryhy ýoly, il-güne ygrarlylygy, gaýduwsyzlygy, watansöýüjiligi ýaş nesliň kalbynda uly joşgun döredýär. Biz Watana we halka wepaly nesiller hökmünde olary hormatlaýarys, il ogullarynyň hatyrasyny belent tutup, nusga alarlyk edermenliginiň öňünde baş egýäris. Dürli söweşlerde, şol sanda XX asyryň iň bir pajygaly wakasy hökmünde ynsanyýetiň hakydasynda orun alan 1941 — 1945-nji ýyllaryň urşunda deňsiz-taýsyz edermenlik görkezen watandaşlarymyzyň hatyrasyny beýgeltmek biziň her birimiziň borjumyzdyr. Berkarar döwletimizde Watan üçin janlaryny gurban eden merdana ata-babalarymyzyň deňsiz-taýsyz gahrymançylygyna çäksiz hormat goýulmagy halkymyzyň öz ruhy-ahlak gymmatlyklaryna we köpasyrlyk däplerine ygrarlylygyň ajaýyp nusgasydyr. Watançylyk terbiýesini, milli ýörelgelerimiziň gymmatyny ýaş nesliň gursagyna guýmakda halkymyzyň taryhynda yz goýan gerçeklerimiziň göreldesi uludyr. Milli Liderimiziň atasy edermen esger, ilhalar ynsan Berdimuhamet Annaýew hem Watany goramak ýaly belent harby borja wepaly şahsyýetleriň biri. Onuň ýokary g

Döwleti dolandyrmagyň ajaýyp nusgasy

Mälim bolşy ýaly, 24-nji sentýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlyklyk etmeginde paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Bu mejlisde halkymyzyň bagtyýar we abadan durmuşyny üpjün etmäge, ýurdumyzyň mundan beýläk-de ösüş hem rowaçlyk ýoly bilen üstünlikli öňe gitmegine gönükdirilen möhüm meseleleriň kabul edilmegi Türkmenistanyň taryhyna altyn harplar bilen ýazyldy. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi döwletimiziň durmuşynda taryhy ähmiýetli waka bolup, onuň gün tertibine ýurdumyzy mundan beýläk-de okgunly ösdürmäge, halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen düýpli özgertmeleri amala aşyrmagyň ileri tutylýan wezipeleri girizildi. Halk Maslahaty Watanymyzyň ähli sebitlerinden gelen wekilleri bir ýere jemläp, milli demokratik däplerimize, adalatlylyk, döwletlilik ýörelgelerine esaslanyp, döwlet ähmiýetli, il-ýurt bähbitli meseleleri halk bilen maslahatlaşyp çözmegiň özboluşly meýdançasyna öwrüldiHormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki çykyşy türkmen halkynyň gün-günden ösüşlere beslenýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Döwlet Baştutanymyz taryhy çykyşynda raýatlaryň kanuny bähbitlerini goramak, ykdysadyýetimiziň pudaklaryny ösdürmek babatynda netijeli işleriň alnyp barylýandygyna ünsi çekmek b

Ýaşulular — terbiýe mekdebi

Gahryman Arkadagymyzyň geçmişden miras galan asylly däplerimize hormat goýmak ýörelgesini Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň mynasyp dowam etdirmegi bilen, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşuly nesle uly sarpa goýulýar. Şonuň netijesinde bu gün ýaşulularymyz döwlet, jemgyýetçilik durmuşyna işjeň gatnaşýarlar. Ynsanperwer, hoşniýetli, parahatçylyk söýüjilikli syýasatymyzy, giň gerimli oňyn başlangyçlarymyzy durmuşa geçirmekde, milli bitewüligimizi berkitmekde, watansöýüji, ýokary ahlak häsiýetli nesilleri kemala getirmekde paýhasly gojalarymyzyň uly orny bar. Mährem enelerimiz, dana atalarymyz nusgalyk häsiýetleri bilen edep-ekramyň we terbiýäniň görelde mekdebini kemala getirýärler, ösüp gelýän ýaş nesli kämil şahsyýetler edip ýetişdirmekde zerur işleri alyp barýarlar. Türkmen halkynyň ýaşuly nesle goýýan sarpasy bütin dünýä göreldedir. Bu babatda Gahryman Arkadagymyzyň howandarlygynda çapdan çykan «Paýhas çeşmesi» atly kitapda ýaşululary sylamak bilen bagly nakyllardyr atalar sözleriniň ençemesine gabat gelmek bolýar. Ula sarpa goýmak, kiçini söýmek ýörelgesi halk döredijiliginiň beýleki görnüşlerine hem çuňňur aralaşypdyr. Milli Liderimiziň parasatly başlangyjy bilen ýurdumyzyň milli baýramçylyklarynyň sanawyna Ýaşulularyň halkara gününiň girizilmegi, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň düzüminde Ýaşulular geňeşiniň döredilmegi, olara goýulýan uly hormatyň aýdy

Harby gullukçylara belent sarpa

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllygy mynasybetli hormatly Prezidentimiz, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Permanlaryna laýyklykda, harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylaryna hem-de işgärlerine döwlet sylaglaryny gowşurmak, harby we ýörite atlary dakmak, hünär derejelerini bermek dabarasy turuwbaşdan ýatda galyjy wakalara beslendi. Ýurdumyzda watansöýüji, lebzine ygrarly nesilleri kemala getirmekde netijeli işler alnyp barylýar. Şeýle asylly işleri amala aşyrmakda ýurdumyzyň her bir garyş topragyny, garadan gaýtmaz pederlerimiziň watançylyk ruhuny kalbyna siňdirip goraýan merdana Watan goragçylarymyzyň hyzmaty örän uludyr. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda mukaddes Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylaryny sylaglamak dabarasy ýurdumyzda her bir adamyň zähmetine mynasyp baha berilýändiginiň ajaýyp beýany bolup, olary täze üstünliklere ruhlandyrdy.

Berkararlygymyzyň baky bahary

Eşretli zamanada ýaşaýan türkmen halkymyz däp bolşy ýaly, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk baýramyny uly şatlyk-şowhuna besläp garşylady. Ata Watanymyzy, ene topragymyzy gözleriniň göreji ýaly goraýan Watan goragçylarymyz hem bu şanly toýa uly dabaralara beslenen baýramçylyk sowgatlary bilen bardylar. Her ýyl bu toý mynasybetli geçirilýän dabaraly ýöriş eziz Watanymyzyň goranyş kuwwatyny hem-de mukaddes Garaşsyzlygymyzyň gazananlarynyň, mähriban topragymyzyň parahatçylygynyň we asudalygynyň, halkymyzyň döredijilikli durmuşynyň goragynda duran türkmen esgerleriniň ýokary hünär ussatlygyny, şeýle hem türkmen halkynyň gadymdan gelýän mertlik, edermenlik, batyrlyk ýaly häsiýetleriniň subutnamasy hasaplanýar. Ýurdumyzyň goranyş häsiýetli Harby doktrinasynyň ýörelgelerine laýyklykda geçirilýän dabaraly harby ýöriş, Garaşsyzlyk baýramynyň esasy dessury bolup, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň ähli goşun görnüşleriniň gatnaşmagynda geçirilýär. Munuň özi ýurdumyzda Watan goragçylarynyň sarpasynyň has-da belentde tutulýandygyndan nyşandyr. Ynha, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllyk toýy mynasybetli geçirilen dabaraly ýörişde hem Watanymyzyň merdana ýurt goragçylary başlaryny belent tutup, iň kämil harby tehnikalara erk edip, döwlet münberiniň öňünden uly ruhubelentlikde geçdiler.

Türkmen tebigatynyň waspy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzyň ekologiýa syýasatyny, şeýle-de akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň şygyrlaryndan tebigata söýgini we onuň täsinliklerini beýan etmek, akyldar şahyryň arzuwlan Berkarar döwletinde eşretli durmuşda ýaşaýan watandaşlarymyzyň ekologiýa medeniýetini açyp görkezmek maksady bilen, «Türkmen dünýäsi» gazetiniň redaksiýasynyň Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýeti bilen bilelikde yglan eden «Reňbe-reň gül açar ýaşyl ýaýlasy» atly döredijilik bäsleşiginde maňa hem ýeňiji bolmak bagty miýesser etdi. Ýurdumyzyň gözel tebigatyny goramak boýunça alnyp barylýan işleri, şeýle hem ekologiýa medeniýetini öz taýýarlan makalalarymda beýan etmegimiň maňa üstünlik getirendigine diýseň buýsanýaryn. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýaşlara okamaga, döretmäge, döredijilik äleminde öz ukyp-başarnyklaryny görkezmäge döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyşlarymyzy aýdýarys!

Aýdyň geljegimiziň binýady

Ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 33 ýyllyk baýramy her bir türkmenistanly üçin mukaddes bolup, bu şatlykly senäniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyndaky dabaralarynyň aýratyn many-mazmuna beslenendigini buýsanç bilen aýdyp bileris. Çünki halkymyz bu ýyl Garaşsyzlygyň toýuny üç asyrlap ýurt berkararlygyny arzuwlan dana Pyragynyň şanly senesi bilen bilelikde toýlaýar. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan diýlende, dünýä jemgyýetçiliginiň göz öňünde, ilki bilen, onuň ak mermere beslenen paýtagtynyň janlanýandygy döwrüň aýdyň hakykatydyr. Häzir Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyz sebitde we dünýäde ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmäge uly goşant goşýan döwlet hökmünde ýokary abraýa eýedir. Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk, ynsanperwerlik ýörelgeleri Milli Liderimiziň başyny başlan, hormatly Prezidentimiz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýän oýlanyşykly hem-de öňdengörüjilikli syýasatyň netijesi bolup durýar. Bu syýasat döwlet Garaşsyzlygymyzyň esaslaryny pugtalandyrmaga gönükdirilendir.

Mertebeli menzilleriň buýsanjy

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllyk baýramçylygyny giňden bellän halkymyz dürli pudaklarda, şol sanda mukaddes Watan goragynda hem aýratyn tapawutlananlary dürli sylaglardyr hormatly atlar, baýraklar bilen mertebeleýär. Şolaryň hatarynda mukaddes araçäklerimizde ygtybarly gulluk alyp barýan merdana serhetçilerimiziň hem bolmagy bolsa aýratyn buýsandyryjydyr. Parahat IŞANGULYÝEW, podpolkownik:

Beýik ynama ygrarly ýaşlar

Ýaş deprekçiler batalýony eýýäm birnäçe ýyldan bäri mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly toýy mynasybetli geçirilýän dabaraly harby ýörişiň öňbaşçysy bolup joşgunly ýagdaýda harby ýörişden geçýärler. Ýaşlygyndan ýüreklerini watanperwerlige beslän harby okuwçylar jebis hereketleri bilen, özleriniň nyzam tejribeleriniň we taýýarlygynyň kämil derejesini görkezmegi başarýarlar. Mälim bolşy ýaly, ýaňy-ýakynda hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň gatnaşmagynda TGM-niň Berdimuhamet Annaýew adyndaky Ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň täze binalar toplumynyň açylyp ulanmaga berilmegi, deprekçiler batalýonynyň harby okuwçylarynyň ruhuna ruh, dogumyna dogum, gaýratyna gaýrat goşdy. Muny dabaraly harby ýörişiň pursatlaryny synlanyňda-da görmek bolýar. Ýaşlyk döwründen başlap, Ýaragly Güýçlerimiziň hatarynda Watany goramagy özleri üçin bagt we mertebe saýýan harby okuwçylar özleri hakynda döwletimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň edýän çäksiz aladalaryny kalplary bilen duýup, oňa mynasyp bolmaga çalyşýarlar.

Öwrüldiň köňülde synmaz joşa sen, Garaşsyz Watanym, baky ýaşa sen!

Mukaddes Watan goragy damarynda merdana pederleriň gany aýlanýan her bir türkmen ýigidiniň jana-jan borjudyr. Watan ynsanyň barlygydyr, bu dünýäde gazanan we gazanyp biläýjek iň gymmatly baýlygydyr. Ol ata-babalarymyzyň mirasy, bizden bolsa nesillerimize galjak gymmatlykdyr. Mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 33 ýyllygyny uludan toýlan Diýarymyzda Watan waspy belentden ýaňlanyp, watansöýüjilik duýgusy ýüreklere ýalkym saçdy. Göýä diýersiň, jümle-jahan eziz Watanymyzyň berkararlyk baýramyny gutlan ýaly, täsin bir görnüşe beslendi. Tylla güýzüň ajaýyp keşbi bilen toý toýlan Diýarymyzyň gözelligi biri-biriniň üstüni ýetirip, dumly-duşa joşgun berdi. Şeýle pursady synlap durşuňa, öz ýanyňdan Watan goragçysy bolmak ýaly belent mertebeli ykbalyň eýesidigiňe tüýs ýürekden buýsanýarsyň. Watan goragçysy diýilse, parahat il, abadan ýurt, ýagny Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan barada ýüregiň joşup, kalbyňa täsin bir owaz dolýar.

Ösüşleriň, belent sepgitleriň aýdyň nyşany

1991-nji ýylyň tylla güýzünde türkmen halky asyrlarboýy eden arzuwyna ýetip, mukaddes Garaşsyzlygyna eýe boldy. Şondan bäri geçen döwrüň içinde berkarar Türkmenistan Watanymyz ähli ugurlarda uly ösüşleriň gazanylýan ýurduna, dünýäniň iň kuwwatly döwletleriniň birine öwrüldi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda halkymyz hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda jebisligiň, agzybirligiň nusgasyny görkezip, Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllyk baýramyny uly dabaralar bilen belläp geçdi. Baş baýramymyzyň şanyna geçirilen dürli toý çäreleri il agzybirliginiň, ýurt parahatçylygynyň, taryhy ösüşlerimiziň, ýeten belent sepgitlerimiziň aýdyň nyşany bolup dabaralandy.

Bagtyýarlygyň we berkararlygyň beýik baýramy

Mukaddes Garaşsyzlygymyz baky bagtyýarlyk şuglasy bolup, halkymyzyň ýüregini ýyladýar hem-de ösüşlerimiziň berk binýady bolup durýar. Muny ata Watanymyzda gazanylýan beýik ösüşleriň, ýetilýän belent sepgitleriň mysalynda aýdyň görmek bolýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň: «Garaşsyzlyk döretmäge kuwwat, gurmaga güýç, parahatçylygy we dostlugy pugtalandyrmaga egsilmez ylham berýär. Şoňa görä-de, mähriban halkymyz Garaşsyzlyk gününe bagtyýarlygyň we berkararlygyň beýik baýramy hökmünde aýratyn sarpa goýýar» diýip belläp geçişi ýaly, Garaşsyzlyk bagtyýar raýatlarymyzy täze üstünliklere, ýeňişlere ruhlandyrýar. Berkarar ýurdumyzyň garaşsyz ösüşiniň  täze tapgyrynda — Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhasa ýugrulan, öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde ata Watanymyz rowaç gadamlar bilen şu günüň bagtyýarlygynyň, geljegiň röwşen bolmagynyň hatyrasyna ösüşleriň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýar.  Dünýä döwletleri bilen dostlukly, özara bähbitli we netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklary täze mazmuna eýe bolup, täze mümkinçilikleri açýar. Bu gün dünýä jemgyýetçiligi Garaşsyz, baky Bitarap döwletimizi gülläp ösüşiň hem bagtyýarlygyň ýurdy hökmünde tanaýar. Bularyň ählisi türkmen ykbalyna nur çaýyp, ýürekleri söýgä hem buýsanja besleýän mukaddes Garaşsyzlygymyzyň datly miweleridir we bize e