Ýaş deprekçiler batalýony eýýäm birnäçe ýyldan bäri mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly toýy mynasybetli geçirilýän dabaraly harby ýörişiň öňbaşçysy bolup joşgunly ýagdaýda harby ýörişden geçýärler. Ýaşlygyndan ýüreklerini watanperwerlige beslän harby okuwçylar jebis hereketleri bilen, özleriniň nyzam tejribeleriniň we taýýarlygynyň kämil derejesini görkezmegi başarýarlar.
Mälim bolşy ýaly, ýaňy-ýakynda hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň gatnaşmagynda TGM-niň Berdimuhamet Annaýew adyndaky Ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň täze binalar toplumynyň açylyp ulanmaga berilmegi, deprekçiler batalýonynyň harby okuwçylarynyň ruhuna ruh, dogumyna dogum, gaýratyna gaýrat goşdy. Muny dabaraly harby ýörişiň pursatlaryny synlanyňda-da görmek bolýar. Ýaşlyk döwründen başlap, Ýaragly Güýçlerimiziň hatarynda Watany goramagy özleri üçin bagt we mertebe saýýan harby okuwçylar özleri hakynda döwletimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň edýän çäksiz aladalaryny kalplary bilen duýup, oňa mynasyp bolmaga çalyşýarlar.