Şa serpaýly ussat daýhan
Ösüşlere beslenýän eziz Watanymyzda ähli ugurlarda bolşy ýaly, oba hojalyk pudagynyň ösmegine hem uly üns berilýär. Daýhanlar, kärendeçiler, mülkdarlar, telekeçiler bereketli topragymyzdan bol hasyl alyp, azyk bolçulygyny üpjün etmäge saldamly goşantlaryny goşýarlar. Döwletimiz tarapyndan döredilýän şert-mümkinçiliklerden ýerlikli peýdalanyp, dürli ekinlerden bol hasyl ýetişdirýärler. Şeýle daýhanlaryň biri hem Magtymguly etrabynyň «Sumbar» daýhan birleşiginiň kärendeçisi, Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medalynyň eýesi Çarytagan Oraztaganowdyr. Ol daýhan birleşiginde ýigrimi ýyldan gowrak wagt bäri kärendeçi bolup işläp, dürli ekinlerden bol hasyl almakda özüni kemsiz tanatmagy başardy. Bäş ýyldan bäri bolsa 4 gektar kärende ýerinde ýeralmanyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda onuň sarp edijilere ýetiren ýeralmasy 64 tonna boldy. Etrapda ussat daýhanlaryň hatarynda tanalýan Ç. Oraztaganowyň geçen ýyllardaky zähmet görkezijilerine ser salanyňda hem onuň tüýs zähmet adamydygyna göz ýetirmek bolýar.