Toprakdan bagt tapan

4 Dekabr 2024
195

Gurban ýaşlygyndan ekerançylyk, bag, bakja ekinlerini ýetişdirmek ýaly sogaply işlere höweslidi. Atasy Baba aganyň ýer agdaryp, tohum sepip ýetişdirýän ekinleriniň gün-günden boý alyp, gülläp, soňra miwe getirişleri onuň çagalyk dünýäsini haýrana goýýardy. Onuň soraglary geljekde öz ykbalyny ekerançylyk bilen başlajakdygyndan bir nyşandy. Şeýdip, ol atasyndan dürli ekinleri ýetişdirmegiň inçe syrlaryny öwrendi. Häzir Akdepe etrabynyň Gorkut geňeşliginde ýaşaýan, 96 ýaşy arka atan Gurban Babaýew özüniň geçen daýhançylyk ýoly barada şeýle gürrüň berýär:

— Meniň daýhançylyk kärini saýlap almagyma atam sebäp bolupdy. Men orta mekdebiň ýokary synpynda okap ýörkämem, mekdebi tamamlanymdan soňam ekinlere suw tutuşmaga, topragy mineral, ýerli dökünler bilen gurplandyrmaga, ekinleri haşal otlardan arassalamaga, ýetişen hasyly ýygnamaga kömek bererdim. Men başga durmuşy göz öňüne getiribem bilemokdym. Ata-babalarymyz «Ýykylsaň ýere ýapyş» diýip, ýöne ýere aýtmandyrlar. Türkmen topragy sahawatly, keremli toprak. Idegini ýetirip bilseň, ol bugdaýyň-da, pagtanyň-da, bag-bakja ekinleriniň-de bol hasylyny eçilýär. Men muňa öz durmuşymda aýdyň göz ýetirdim. Bir söz bilen aýdanymda, topraga hyzmat edip, rysgally, döwletli boldum.

Oguljennet NAZAROWA,
Akdepe etrabyndaky20-nji orta mekdebiň mugallymy.
Beýleki habarlar