Çekseň zähmet, ýagar rehnet
10-njy dekabrda Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasyny öwrenmäge, dünýäde giňden wagyz etmäge, nesilleri milli gymmatlyklarymyza, däp-dessurlarymyza hormat goýmak ruhunda, ynsanperwer häsiýetlerde terbiýelemäge uly goşandyny goşmak arkaly dürli ulgamlarda zähmet çekip, aýratyn tapawutlananlara Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly, «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýadygärlik nyşanlary gowşuryldy. Olaryň hatarynda Mejlisiň deputatlary, daşary ýurtlarda döwletimiziň bähbitlerine wekilçilik edýän diplomatlar, döredijilik, medeniýet we sungat, bilim, ylym, saglygy goraýyş, sport ulgamlarynyň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň işgärleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň, maliýe, söwda, bank, ýangyç-energetika, gurluşyk-senagat, oba hojalyk, ulag-kommunikasiýa pudaklarynyň wekilleri bar. Munuň özi Halkara Bitaraplyk gününiň öňüsyrasynda sylaglara mynasyp bolanlar üçin ýatdan çykmajak ajaýyp waka öwrüldi.