Dünýä ýalkym saçýan şäher
At-owazasy dünýä dolýan Garaşsyz, baky Bitarap Diýarymyz bagtyýarlygyň hem berkararlygyň ýoly bilen öňe barýar. Gojaman Köpetdagyň eteginde gurlup, çawy dünýä ýaýran Arkadag şäheri şol ýoldaky tutumly işleriň, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň pähim-paýhasynyň miwesidir. Bu gün Jeýhun bilen bahry-Hazar aralygyna uzalyp gidýän ata Watanymyzda täze, döwrebap şäherçeleriň, obalaryň döredilmegi ajaýyp döwrümiziň aýratynlygydyr. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde alnyp barylýan işler adam we onuň bagtyýar durmuşy baradaky aladadan ugur alýar. Ägirt uly şähergurluşyk taslamasynyň durmuşa geçirilmegi ýurdumyzyň döwletlilik binýadynyň berkemegine, ykdysady kuwwatynyň has-da artmagyna, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna, Watanymyzy mundan beýläk-de beýik ösüşlere ýetirmäge gönükdirilen uzak möhletleýin iri maksatnamalaryň we düýpli özgertmeleriň netijesidir. Sebitde deňi-taýy bolmadyk Arkadag şäheri täze taryhy döwrüň gurmagyň we döretmegiň zamanasydygyny alamatlandyrmak bilen, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň aýdyň nyşany bolup dabaralanýar. Milli mirasymyz, ruhy gymmatlyklarymyz, halkymyzyň köpasyrlyk baý taryhy we medeni däpleri öz beýanyny tapýan binagärlik keşbine eýe bolan şäheriň birinji tapgyrynda medeni-durmuş we beýleki maksatly desgalaryň ençemesi guruldy. Häzirki