Mukaddes Garaşsyzlygymyz baky bagtyýarlyk şuglasy bolup, halkymyzyň ýüregini ýyladýar hem-de ösüşlerimiziň berk binýady bolup durýar. Muny ata Watanymyzda gazanylýan beýik ösüşleriň, ýetilýän belent sepgitleriň mysalynda aýdyň görmek bolýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň: «Garaşsyzlyk döretmäge kuwwat, gurmaga güýç, parahatçylygy we dostlugy pugtalandyrmaga egsilmez ylham berýär. Şoňa görä-de, mähriban halkymyz Garaşsyzlyk gününe bagtyýarlygyň we berkararlygyň beýik baýramy hökmünde aýratyn sarpa goýýar» diýip belläp geçişi ýaly, Garaşsyzlyk bagtyýar raýatlarymyzy täze üstünliklere, ýeňişlere ruhlandyrýar.
Berkarar ýurdumyzyň garaşsyz ösüşiniň täze tapgyrynda — Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhasa ýugrulan, öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde ata Watanymyz rowaç gadamlar bilen şu günüň bagtyýarlygynyň, geljegiň röwşen bolmagynyň hatyrasyna ösüşleriň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýar. Dünýä döwletleri bilen dostlukly, özara bähbitli we netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklary täze mazmuna eýe bolup, täze mümkinçilikleri açýar. Bu gün dünýä jemgyýetçiligi Garaşsyz, baky Bitarap döwletimizi gülläp ösüşiň hem bagtyýarlygyň ýurdy hökmünde tanaýar. Bularyň ählisi türkmen ykbalyna nur çaýyp, ýürekleri söýgä hem buýsanja besleýän mukaddes Garaşsyzlygymyzyň datly miweleridir we bize eçilen bagtydyr.